HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maryda Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi

Sentýabr 10, 2024 | 21:45 |12426
9-njy sentýabrda Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşigi we Germainýanyň Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýerwopa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyñ üýtgemegine garşy çäreler” atly taslamasynyň çäklerinde Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) gatnaşmagynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan gurnalan Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty (Local Conference of Youth on Climate Change, LCOY) geçirildi.9-njy sentýabrda Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşigi we Germainýanyň Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýerwopa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyñ üýtgemegine garşy çäreler” atly taslamasynyň çäklerinde Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) gatnaşmagynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan gurnalan Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty (Local Conference of Youth on Climate Change, LCOY) geçirildi.
Çeşme: GIZ TM

9-njy sentýabrda Mary şäherindäki Türkmen döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşigi we Germainýanyň Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýerwopa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyñ üýtgemegine garşy çäreler” atly taslamasynyň çäklerinde Halkara Hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) gatnaşmagynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan gurnalan Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlaryň milli maslahaty (Local Conference of Youth on Climate Change, LCOY) geçirildi. Malsahatyň işine ÝUNISEF-iň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň we Azerbaýjanyň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdy.

10092024-molodezhnaya-konferenciya(2).jpg

Bakuda geçiriljek COY19 Ýaşlar maslahatynyň öňüsyrasynda geçirilen Milli maslahatyň esasy wezipeleri howanyň üýtgemeginiň häzirki ýagdaýyny hem-de onuň Türkmenistana we tutuş dünýä täsir etmegini öwrenmekden, howanyň üýtgemeginiň dürli ugurlaryna bagyşlanan bilim sessiýalarynyň geçirilmeginden, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasy we Türkmenistanyň goşulyşan beýleki ylalaşyklary barada maglumat almakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, Maslahat howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere ýaşlary işjeň çekmäge hem-de durnukly ösüş we howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça ýaşlaryň başlangyçlaryna we taslamalaryna goldaw bermäge gönükdirilendir.

10092024-molodezhnaya-konferenciya(4).jpg

Maslahat howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça belli çözgütleri almak işine ýaşlaryň we raýatlaryň işjeň gatnaşmagyna, Türkmenistanyň bu ugur babatynda halkara we milli borçnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde olaryň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, ýerli ýaşlaryň arasynda bilim alyşmaga, habarlylygyny ýokarlanrymaga we onuň kuwwatyny berkitmäge hem-de howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly milli hereketleriň goraglylygyna ýardam etmäge gönükdirilen.

10092024-molodezhnaya-konferenciya(13).jpg

Maslahata Türkmen döwlet energetika institutynyň talyplary, DÖM-niň ýaş ilçileri we ekologiýa meselesinde işjeň raýatlar, Daşary işler, Bilim, Daşky gurşawy goramak, Energetika ministrlikleriniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri, Türkmenistanda diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

10092024-molodezhnaya-konferenciya(12).jpg

Çäräniň umumy mejlisinde GIZ/GCA Maksatnamasynyň direktory, doktor Karolina Milow energetika, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş babatynda dialogy ýola goýmaga hem-de Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde ýardam bermäge gönükdirilen “Ýerwopa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllara syýasy dialog we howanyñ üýtgemegine garşy çäreler" atly GIZ-yň täze taslamasy bilen tanyşdyrdy.

10092024-molodezhnaya-konferenciya(5).jpg

Maslahatyň işi dört ugurda aşakdaky mowzuklar boýunça dowam etdirildi: energetika pudagynyň howa täsir etmegini peseltmek; jemgyýetiň habarlylygy energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmelerini we energiýa üpjünçiligini ulanmagyň artykmaçlyklaryny öňe sürmekde esasy faktor hökmünde; durnukly energiýa üpjünçiligi üçin innowasiýa çözgütleri; gün we ýel energiýasyny ösdürmek mümkinçilikleri.

10092024-molodezhnaya-konferenciya(6).jpg

Kiçi iş toparlarda gatnaşyjylar energiýa ulanylyşynyñ netijeliligini ýokarlandyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalar, arassa energiýa çeşmelerine geçmekligi we ekologiýa yzyny pese düşürmekde standartlaryň girizilmegi hem-de energiýanyň täzeden dikledilýän çeşmeleri babatynda Türkmeinstanyň mümkinçilikleri baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa üpjünçiligi barada jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmagyň strategiýasyny işläp taýýarlamaga, täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň artykmaçlyklary barada bilim kampaniýalarynyň geçimäge, energiýa üpjünçiliginiň usullaryny hem-de durnukly ýaşaýyş esaslaryny öňe sürmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we sosial torlaryň orny barada habarlylygy ýokarlandyrmaga aýratyn üns berildi.

10092024-molodezhnaya-konferenciya(7).jpg

Maslahatyň guramaçylary we oňa gatnaşyjylar sebitde we tutuş dünýäde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmakda tagallalaryň birleşdirilmeginde we işjeňleşdirilmeginde Türkmenistanyň hökümetiniň we ýurduň ýaşlarynyň ygrarlylygyny tassykladylar.

10092024-molodezhnaya-konferenciya(9).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026