HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Apple" iPhone16 täzelenen ugruny hödürledi

Sentýabr 10, 2024 | 14:31 |11758
Güýzki görkezme tanyşdyrylyşynyñ çäklerinde "Apple" amerikan kompaniýasy iPhone16 täzelenen ugry bilen tanyşdyrdy.Güýzki görkezme tanyşdyrylyşynyñ çäklerinde "Apple" amerikan kompaniýasy iPhone16 täzelenen ugry bilen tanyşdyrdy.
Çeşme: ria.ru

Güýzki görkezme tanyşdyrylyşynyñ çäklerinde "Apple" amerikan kompaniýasy iPhone16 täzelenen ugry bilen tanyşdyrdy.

Täze modeller iOS18 içinde gurnalan emeli aň tehnologiýasynyñ esasynda kuwwatly prosessor, kämilleşdirilen kameralar we birnäçe innowasiýa hyzmatlary bilen enjamlaşdyrylan. Emeli aň Siri bilen özarabaglanyşygy gowulandyrýar. Meselem, onuň kömegi bilen ses beýan etmesi arkaly surat we wideo ugradyp, gelýän sms habarlarynyň gysgaça tekst görnüşindäki beýan etmelerini alyp bolýar.

Kompaniýada emeli aňyň işiniň çäklerinde ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyñ ýygnalyp saklanmajagy barada habar berilýär.

Täze modellere öñküsinden 40% has ýokary netijeli A18 çipi ornaşdyrylan. Smartfonlaryň kameralary 48 megapiksile çenli täzelenip, kompýuter fotosuratynyñ täze hyzmatlaryna eýe boldular. Mundan başga-da öndürijiler uzaldylan awtonom iş wagtynda ynandyrýarlar.

Şeýle-de olar rahat surata düşürmek üçin Capture Button sensor düwmesi bilen enjamlaşdyrylan.

Mundan başga-da, "Apple" ekrany ulaldylan iPhone16 Pro we Pro Max modelleriniñ öndürilmegi barada habar berýär. Bu modeller iPhone modelleriniň arasynda awtonom işiniñ iň uzaldylan wagtyny hödürleýärler.

Täze modelleriñ satuwa çykarylmagy 20-nji sentýabra meýilleşdirilen.

Mundan başga-da, apnoe - ukyda dem alyşyñ kadadan çykmagyny anyklaýyş funksiýasy girizilen Watch Series 10 sagatlary hem-de sesleri basýan kämilleşdirilen funksiýasy bolan AirPods 4 bilen tanyşdyryldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026