HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdi

Sentýabr 10, 2024 | 14:12 |9516
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdi. Resminama BMG-niň ähli agza-ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanylyp, onuň awtordaşy bolup 87 ýurt çykyş etdi.2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdi. Resminama BMG-niň ähli agza-ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanylyp, onuň awtordaşy bolup 87 ýurt çykyş etdi.
Çeşme: un.org

2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň Dostluk oýunlary” atly Kararnamany kabul etdi. Resminama BMG-niň ähli agza-ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanylyp, onuň awtordaşy bolup 87 ýurt çykyş etdi diýip, “TDH” habar berýär. Kararnamanyň maksady – sportda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de sport çäreleriniň geçirilmegi bilen parahatsöýüjilik başlangyçlaryny öňe sürmek bolup durýar.

Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara arenasynda sporty ösdürmek babatynda amala aşyrýan işilerine berilen ýokary baha boldy.

Türkmenistan halkara ýaryşlara işjeň gatnaşyp, iri sport ýaryşlaryny gurnamak bilen sport mümkinçilikleriniň ýurdy hökmünde öz ornuny has-da berkidýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy bu Kararnamasy bilen sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de sport babatda döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki Türkmenistanyň tagallalaryny goldady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

ABŞ Wenesuelanyň 65 milliard barrelden gowrak nebitine gözegçilik etmäge başlandygyny yglan etdi

22:00 Awgust 31, 2026
Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

Astana şäherinde al-Farabi we Konfusiýa bagyşlanan «Beýik akyldarlaryň dialogy» atly heýkeltaraşlyk kompozisiýasy tanyşdyryldy

20:00 Awgust 31, 2026
Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

Islandiýalylar referendumda Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza bolmak baradaky gepleşikleri täzeden başlatmaga garşy ses berdiler

18:00 Awgust 31, 2026