HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystan Türkmenistan bilen möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlanýar

Sentýabr 09, 2024 | 02:25 |11958
Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow 8-nji sentýabrda Owganystanyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ministri Nejipulla Haýat Hakkani bilen duşuşyp, süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasyny döretmek boýunça bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy, Owganystanyň teleýaýlymy habar berýär.Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow 8-nji sentýabrda Owganystanyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ministri Nejipulla Haýat Hakkani bilen duşuşyp, süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasyny döretmek boýunça bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy, Owganystanyň teleýaýlymy habar berýär.
Çeşme: mfa.gov.af

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow 8-nji sentýabrda Owganystanyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy ministri Nejipulla Haýat Hakkani bilen duşuşyp, süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasyny döretmek boýunça bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy, Owganystanyň teleýaýlymy habar berýär.

Ministr häzirki döwürde aragatnaşyk tehnologiýasynyň derwaýys zerurlykdygyny bellemek bilen, maglumatlary geçirmegiň iň möhüm böleginiň süýümli optiki toruň giňelmegidir we häzirki wagtda iki ýurt hem howpsuzlyk nukdaýnazaryndan öz internet gurşawyny üpjün etmäge synanyşýandyklaryny aýtdy.

09092024-tapi-tap (1).jpg

Şeýle hem ilçi süýüm optiki aragatnaşyk we kiber howpsuzlyk pudagynda bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegini goldady.

Bir gün öň, Kabulda TOPH gaz geçirijisi, elektrik liniýalary we süýüm-optiki aragatnaşyk TOP, şeýle hem demir ýol taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Owganystanyň ýolbaşçy wekilleri bilenTürkmenistanyň bilelikdäki taslamalar boýunça döredilen komissiýasynyň ilkinji ýygnagy geçirildi. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

09092024-tapi-tap (2).jpeg

Duşuşyga Daşary işler ministri Amir Han Muttaki ýolbaşçylyk etdi we oňa howpsuzlyk gullugynyň, magdan we nebit ministrlikleriniň, jemgyýetçilik işleri, maglumat we medeniýet, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýasy we Owganystanyň elektrik energiýasy kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşyk, TOPH taslamasynyň Owganystanda geçiriljek açylyş dabarasy we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda başga-da birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Komissiýanyň başlygy we pudaklaýyn bölümleriň hünärmenleri kiçi komitetleriň taýýarlyk işleriniň gidişi barada jikme-jik hasabat berdiler, şeýle hem dabaranyň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek ugrunda kararlar kabul edildi.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, bu tagallalaryň ýakyn wagtda birnäçe möhüm dabaralar arkaly resmi taýdan durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026