HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Helsinkide türkmen-fin syýasy geňeşmeleri we işewür duşuşyklary geçirildi

Sentýabr 07, 2024 | 23:30 |10403
6-njy sentýabrda Helsinkide türkmen-fin syýasy geňeşmeleri geçirildi. Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti we Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Outi Holopaýnen dürli ugurlar boýunça bilelikdäki gyzyklanmalary ara alyp maslahatlaşdylar.6-njy sentýabrda Helsinkide türkmen-fin syýasy geňeşmeleri geçirildi. Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti we Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Outi Holopaýnen dürli ugurlar boýunça bilelikdäki gyzyklanmalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: cunard.com

6-njy sentýabrda Helsinkide türkmen-fin syýasy geňeşmeleri geçirildi. Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti we Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretarynyň orunbasary Outi Holopaýnen dürli ugurlar boýunça bilelikdäki gyzyklanmalary ara alyp maslahatlaşdylar. Finlýandiýanyň diplomatik pudagynyň Aziýa we Okeaniýa boýunça departamentiniň Baş direktory Ýari Sinkari bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de söwda-ykdysady, medeni we bilim gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar daşary işler pudaklaýyn edaralarynyň arasynda yzygider geňeşmeleri geçirmek üçin hukuk binýady taýýarlamakda ylalaşdylar. Şeýle-de fin Parlamentinde Türkmenistan bilen Dostluk toparynyň Başlygy hem-de 2025-nji ýylda Finlýandiýanyň ÝHHG-de başlyklyk etmek we parlamentara gatnaşyklary barada maslahatlaşylan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynda Finlýandiýanyň wekiliýetiniň başlygy bilen duşuşyklar geçirildi.

5-nji sentýabrda syýasy geňeşmeleriň öňüsyrasynda Helsinkide Türkmenistanyň wekiliýetiniň hem-de “Finnish Water Forum” assosiirlenen edarasy ýaly ulgamlaýyn bileleşikleriniň we öňdebaryjy fin kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stoly hususy kärhanalaryň, ministrlikleriň, ylmy-barlag we bilim institutlarynyň we assosiasiýalaryň hyzmatdaşlygy üçin meýdança bolup çykyş etdi.

Finlýandiýanyň “Watermaster” gum sorujy desga we beýleki tehnikalary öndürijisi, deňiz we energetika bazary üçin enjamlary öndürýän “Wärtsilä” maşyn gurluşyk kompaniýasy, “Agronic Oy” oba hojalyk tehnikasyny öndüriji, “Reorbit” awia kosmos kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler. Tegelek stola Finlýandiýanyň meteoroligiýa institutynyň wekilleri hem gatnaşdy. Duşuşykda fin tarapyna “EastCham Finland” söwda guramasynyň Baş direktory Ýaaana Rekolainen ýolbaşçylyk etdi.

Wise-ministr Bäşimowa energetika, logistika, ulag, oba we suw hojalygy, innowasion tehnologiýalar, energiýanyň täzeden dikeldilýän çeşmeleri, saglygy goraýyş, “akylly şäherler”, meteorologiýa we bilim pudaklary boýunça bilelikdäki taslamalary ösdürmekligi teklip etdi. Şeýle-de fin kompaniýalary Türkmenistanda geçirilýän sergilere we ýarmarkalara gatnaşmaga çagyryldy.

Türkmen wekiliýeti bilelikdäki işewür geňeşlerini döretmek, özara saparlary gurnamak, iki ýurduň Söwda-senagat palatalarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak bilen ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy teklip etdi. Türkmenistanyň DIM-niň habarlar gullugynda bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda Finlýandiýanyň Hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary söwda boýunça ministri bilen gysga duşuşyk geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026