HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Sentýabr 05, 2024 | 10:52 |8492
4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçdi.4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçdi.
Çeşme: education.gov.tm

4-nji sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçdi. Bu duşuşykda taraplar Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» we 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly bilelikde geçirilen we geçiriljek çäreler boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we wagyz etmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Raýew 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan geçiriljek çäreleriň jemleýji tapgyrlaryna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işjeň gatnaşmagyny teklip etdi.

Türkmenistanyň Bilim ministri TÜRKSOÝ-ň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň oňa goşandyny goşjakdygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026