HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

1-nji sentýabrdan Russiýanyň mekdeplerinde sapaklarda ykjam telefonlary ulanmaklyk gadagan edilýär

Sentýabr 03, 2024 | 11:14 |7711
2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýanyň umumy bilim berýän mekdeplerinde sapaklarda ykjam telefonlary ulanmaklyk gadagan edilýär. Bu barada Döwlet dumasynyň magaryf boýunça komitetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Ýana Lantratowanyň sözlerine salgylanyp, “РИА Новости” habarlar agentligi habar berýär.2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýanyň umumy bilim berýän mekdeplerinde sapaklarda ykjam telefonlary ulanmaklyk gadagan edilýär. Bu barada Döwlet dumasynyň magaryf boýunça komitetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Ýana Lantratowanyň sözlerine salgylanyp, “РИА Новости” habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: dp.ru

2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýanyň umumy bilim berýän mekdeplerinde sapaklarda ykjam telefonlary ulanmaklyk gadagan edilýär. Bu barada Döwlet dumasynyň magaryf boýunça komitetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Ýana Lantratowanyň sözlerine salgylanyp, “РИА Новости” habarlar agentligi habar berýär.

“1-nji sentýabrdan başlap mekdeplerde sapagyň dowamynda ykjam telefonuny ulanmaklyk gadagan edilýär. Okuw maksatlary bilen hem ulanmaklyk gadagandyr. Eger-de çagalara wideomateriallary görkezmeli ýa-da test geçirmeli bolsa, munuň üçin mugallym interaktiw tagtany, kompýuteri, planşeti, monoblogy ulanyp biler.” – diýip, belledi.

Medeplerde ykjam telefonlary ulanmaklyga çäklendirmeler Döwlet dumasy tarapyndan geçen ýylyň dekabr aýynda girizildi. Muňa laýyklykda, mekdeplerde sapagyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlardan, ömre ýa-da saglyga howp döremegi bilen baglanyşykly ýagdaýlardan daşary “işjeň radiotelefon aragatanaşyk serşdelerini” ulanmaklyk gadagan edilýär. “Işjeň radiotelefon aragatanaşyk serşdeleri” diýlip, ykjam telefonlara, içinde SIM-karta bolan hem-de telefon hökmünde ulanylyp bilinýän, meselem, jaňlara jogap bemek ýaly funksiýalary öz içine alýan planşetler, akylly sagatlar düşünilýär.

Ykjam serişdelerini öňküsi ýaly ýanyň bilen mekdebe getirip, arakesme wagty ýa-da naharhanada ulanyp bolýandygyny bellemek zerur.

Kanunda sapagyň dowamynda okuwçynyň ykjam telefonunyň saklanylmaly ýeri barada kesgitleme ýok. Emma bu başlangyjyň awtorlarynyň biri bolan Döwlet dumasynyň magaryf boýunça komitetiniň Başlygy Olga Kazakowanyň belleýşi ýaly, her mekdep bu kanun taslamasynyň durmuşageçirilmegine özbaşdak gözegçilik eder.

Meselem, käbir mekdeplerde çagalaryň ykjam telefonlaryny özabşdak tabşyrmaklary üçin ýörite niýetlenen gutylar bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026