HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Parižde Sanly bilim hepdeligine gatnaşýar

Sentýabr 02, 2024 | 23:40 |12133
2-nji sentýabrda Parižde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda “Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar” ady bilen 2024-Sanly bilim hepdeligi öz işine başlady. Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorina Bogdan-Martiniň wideoýüzlenmesi diňlenildi.2-nji sentýabrda Parižde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda “Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar” ady bilen 2024-Sanly bilim hepdeligi öz işine başlady. Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorina Bogdan-Martiniň wideoýüzlenmesi diňlenildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

2-nji sentýabrda Parižde ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda “Bilim üçin dolandyrylýan tehnologiýalar” ady bilen 2024-Sanly bilim hepdeligi öz işine başlady. Açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň bilim boýunça orunbasary Stefaniýa Jannini çykyş etdi, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorina Bogdan-Martiniň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

02092029-turkmenistan-uchastvuet-v-nedele-cifrovogo-obucheniya-v-parizhe (1).jpg

5-nji sentýabra çenli dowam etjek Sanly bilim hepdeliginiň çäklerinde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bilim ministrler derejesinde tegelek stol gurnaldy. Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi, ÝUNESKO-da Türkmenistanyň hemişelik wekili Maksat Çaryýew hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Gülnabat Gurdowa wekilçilik etdiler.

02092029-turkmenistan-uchastvuet-v-nedele-cifrovogo-obucheniya-v-parizhe (3).jpg

Türkmenistanyň wekilleri geçiriljek çekeleşmelere we çärelere gatnaşarlar. Hususan-da, orta we ýokary bilim ulgamynda emeli aňyň ulanylyşynyň ahlak taraplaryna bagyşlanan bölümçeler, şeýle-de sanly sowatlylygy we bilimde öň generatiw emeli aňy ulanyjylaryň tejribesinden çykarylan netijeleri ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda berilýän maglumatlara görä, emeli aň ulgamy boýunça mugallymlaryň ygtyýarlyklary meselesine aýratyn üns beriler.

Durnukly we ekologiki bilime geçmeklik möhüm mesele bolar. Durnukly geljegi gurmagyň syýasy taraplaryna bagyşlanan umumy mejlisiň, şeýle-de bilimi ekologiýalaşdyrmak üçin sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri boýunça amaly bölümçeleriň geçirilmegine garaşylýar. Çäre bütin dünýäniň işjeň ýaşlarynyň gatnaşmagynda bilimde sanly tehnologiýalaryň ornuny we onuň daşky gurşawa täsir etmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaklary üçin Ýaşlar forumy bilen tamamlanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026