HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistanda Türkmenistan bilen dostlugyny alamatlandyrýan täze mekdep açyldy

Sentýabr 02, 2024 | 15:40 |8661
2024-nji ýylyň 1-nji sentýabry, Bilimler we talyp ýaşlar gününde, Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiniň dabaraly açylyşy boldy.2024-nji ýylyň 1-nji sentýabry, Bilimler we talyp ýaşlar gününde, Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiniň dabaraly açylyşy boldy.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

2024-nji ýylyň 1-nji sentýabry, Bilimler we talyp ýaşlar gününde, Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiniň dabaraly açylyşy boldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» döwlet elektron gazetinde habar berlişi ýaly, açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.

Mekdebiň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlangyjy esasynda guruldy. Türkmen gurluşykçylary tarapyndan bina edilen mekdep 540 okuwça niýetlenendir.

Mekdep häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, onda 24 synp otagy, kitaphana, sport zaly, uly mejlisler jaýy we naharhana bar. Açylyş dabarasynyň hormatyna Türkmenistanyň adyndan mekdebe 100 noutbuk kompýuteri we awtobus sowgat berildi. Prezident Emomali Rahmon öz çykyşynda beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi we bu taslamanyň halklaryň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetini belläp geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mekdebiň gurluşygy Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlugy we doganlygy alamatlandyrýandygyny, aýratynam täze mekdebiň adyny göterýän beýik türkmen şahyry Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ähmiýetini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026