HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Geçen hepde TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda 15 geleşik hasaba alyndy

Sentýabr 02, 2024 | 15:15 |8663
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda 15 geleşik hasaba alyndy.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda 15 geleşik hasaba alyndy.
Çeşme: exchange.gov.tm

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda 15 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna BAE, Özbegistan we Owganystan döwletiniň işewürler topary “Türkmengaz” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy we polietilen önümlerini (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Owganystan döwletiniň işewürleri şeýle hem dizel ýangyjyny (“Türkmennebit” DK) satyn aldylar.

Mundan başga-da daşary ýurt walýutasyna BAE, Türkiýe we Gyrgyzystan döwletiniň işewürleri dokma senagatynyň önümlerini, nah ýüplügi we dokma galyndylaryndan regenerirlenen süýüm satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 110 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda türkmen işewürleri polipropileni (“Türkmennebit” DK) hem-de düz float aýnasyny, elde dokalan halylary, we arassalanan nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 3 million 364 müň manatdan gowrak boldy. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026