HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Latwiýada Merkezi Aziýada serhet howpsuzlygy babatynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň 4-nji maslahaty geçirildi

Sentýabr 02, 2024 | 14:36 |7922
Riga şäherinde “Yssyk-Köl başlangyjy” boýunça Merkezi Aziýada serhet howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň 4-nji maslahaty geçirildi.Riga şäherinde “Yssyk-Köl başlangyjy” boýunça Merkezi Aziýada serhet howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň 4-nji maslahaty geçirildi.
Çeşme: bomca-eu.org

Riga şäherinde “Yssyk-Köl başlangyjy” boýunça Merkezi Aziýada serhet howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň 4-nji maslahaty geçirildi.

Merkezi Aziýada we Owganystanda serhetleri dolandyrmaga ýardam bermek maksatnamasynyň (BOMCA) web sahypasynda habar berlişi ýaly, bu çärä serhet gullugynyň wekilleri, Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň hünärmenleri gatnaşdy we sebitde serhet gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.

Wekiliýetiň agzalary serhet howpsuzlygy meselelerini, serhet dolandyryşyna toplumlaýyn çemeleşmäni kem-kemden ornaşdyrmak üçin iň oňat tejribeleri, şeýle hem serhet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gatnaşanlar Latwiýanyň Russiýa bilen döwlet serhetlerine baryp gördüler, şol ýerde infrastruktura, enjamlar we serhet gözegçiliginiň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, Rezekne şäherindäki Latwiýa Serhet kollejine baryp gördüler. Wekiliýetiň agzalary Latwiýada we ÝB-de serhetçiler üçin okuw ulgamy bilen tanyşdylar.

Maslahatyň çäginde Merkezi Aziýada we Owganystanda serhetleri dolandyrmaga ýardam bermek maksatnamasy serhet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin öňdebaryjy çözgütleriň sergisini gurady.

2011-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýada serhet howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk we maglumat alyşmak boýunça sebitleýin forumy bolan “Yssyk-Köl başlangyjynyň” çäginde Merkezi Aziýanyň serhet gulluklarynyň wekilleri yzygiderli duşuşýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026