HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan BMG-de bilimi we çaga hukuklarynyň goraglylygyny gowulandyrmakda öz ygrarlylygyny tassyklady: tezisler

Sentýabr 01, 2024 | 23:55 |9050
28-29-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilen Çaga hukuklarynyň Komitetiniň 97-njy sessiýasyna gatnaşyp, kanun çykaryjy özgerişler, çagalaryň goraglylygy, saglygy goraýyş we bilim ýaly esasy ugurlar boýunça giňişleýin hasabatyny berdi.28-29-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilen Çaga hukuklarynyň Komitetiniň 97-njy sessiýasyna gatnaşyp, kanun çykaryjy özgerişler, çagalaryň goraglylygy, saglygy goraýyş we bilim ýaly esasy ugurlar boýunça giňişleýin hasabatyny berdi.
Çeşme: switzerland.tmembassy.gov.tm

28-29-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada geçirilen Çaga hukuklarynyň Komitetiniň 97-njy sessiýasyna gatnaşyp, kanun çykaryjy özgerişler, çagalaryň goraglylygy, saglygy goraýyş we bilim ýaly esasy ugurlar boýunça giňişleýin hasabatyny berdi. Nutuklaryň diňlenilmeginiň dowamynda Komitetiň agzalary Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilişinde gazanan netijelerini belläp, öz maslahatlaryny berdiler.

Türkmen wekiliýeti bilimi we çaga hukuklarynyň goraglylygyny gowulandyrmakda öz ygrarlygyny bildirip, Komitet bilen söhbetdeşlikde bu ugurda ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we degişli soraglara jogap berdiler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara gatnaşyklar bölümi ministrligiň saýtynda bu maslahatlaşmalaryň esasy meselelerini beýan edti.

Bilime möhüm maýa goýumlar

Maslahatlaşmanyň esasy meseleleriniň biri bilim ulgamynyň maliýeleşdirilmegini ýokarlandyrmak. 2024-nji ýylda Bilim ministrligi üçin Türkmenistanyň döwlet býujeti 7,739,178.9 müň manada barabar bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 9,3% köpdür. Býujetiň bu ähmiýetli ösüşi bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda we onuň hilini gowulandyrmkada ýurduň tagallarynyň şaýady bolup durýar.

Kanun çykaryjy binýady hem kämilleşdirilýär. Soňky ýyllarda “Bilim hakynda” Kanunyň, “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Kanunyň täze neşirleri ýaly wajyp kanun ýykaryjy namalar kabul edildi we rejelendi, Jenaýat kodesksine we beýleki kanunlara üýtetmeler girizildi. Bu üýtgeşmeler çaga hukuklarynyň goraglylygynyň has netijeli ulgamyny döretmäge müminçilik berýär.

Bilim maksatnamalarynyň we jemgyýetçlik işleriniň ösdürilmegi

Bilim maksatnamalaryň ösüşine hem-de jemgyýetçilik işler we psihologiýa ugurlarynda hünärmenleriň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “psihologiýa” we “jemgyýetçili işi” ugurlar boýunça bilim berilýär. Bu hünärlerde talyp sanynyň artdyrylmagy ýurtda, esasan hem, obalarda we çetki etraplarda psihologik goldawyny we durmuş üpjünçilik ulgamyny berkitmäge ýardam edýär. “Bilim hakynda” Kanunynyň rejelenen neşiri kabul edilenden soňra, Bilim ministrligi bilim işiniň dürli ugurlaryny düzgünleşdirmek üçin täze kanun namalary işläp taýýarlamak we olary ornaşdyrmak işine başlady. Esasy ugurlary öz içine alýan 39 sany kanun namalar taýýarlanylyp ylalaşyldy: bilim edaralaryny dolandyrmak, okuw maksatnamalarynyň standartlary, mugallymçylyk düzümine bolan talapnamalary we beýlekiler.

Inklýuziw bilim we alternatiw ideg

Ýurtda saglyk mümkinçiligi çäkli bolan çagalaryň bilimini üpjün edýän 17 sany ýöriteleşdirilen mekdepler hereket edýär. Bu mekdepleriň okuw maksatnamalary okuwçylara mahsus bolan zerurlyklaryna uýgunlaşdyrylan, bu bolsa olaryň ösüşine we jemgyýete goşulyşmagyna mümkinçilik berýär.

Türkmenistan maýyplygy bolan çagalara hemmetaraplaýyn goldaw berip, olaryň bilim almagyna we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagyna mümkinçilik berýän kömek serişdeleri we tehnologiýalar bilen üpjün edýär. Bu ýerde bilim we dikeldiş üçin gerekli ýörite enjamlaryň, eşidiş enjamlaryň we ortopediki önümleriniň satyn almalaryny maliýeleşdirýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyk fondy aýratyn ähmiýete eýedir. Arkadag şäherinde çagalaryň toplumlaýyn lukmançylyk we psihologiýa goldawy bilen üpjün edilýän Saglyk we diklediş merkezi hereket edýär.

Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin çagalara alternatiw goldaw bermek boýunça Konsepsiýasyny işläp taýýarlaýar we ony ornaşdyrýar. Ogullyga ýa-da gyzlyga almagyň hem-de maşgala hossarlygynyň hil standartlarynyň ulgamlaýyn gözegçiligini we işläp taýýarlanylmagyny öz içine alýan çäreleriň maksatnamasy döwlet goldawyna mätäç bolan çagalaryň dumruş şertleriniň we bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilnedir.

Harby mekdepler we meýletin gatnaşyk

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda harby okuw edaralary barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu mekdeplerde diňe oglan okuwçylar okap, olarda bilim almaklyk meýletin görnüşde alnyp barylýar. Harby mekdeplere okuwa girmek bäsleşigi örän ýokarydyr, bu bolsa ýaşlaryň harby bilime bolan höwesiniň subutnamasydyr. Bu mekdepleriň okuw maksatnamalary hem umumy dersleri, hem ýöriteleşdirilen dersleri öz içine alýar. Türkmenistanyň harby mekdepleri diňe ýokary hilli bilim bermän, eýsem berk düzgün-tertibi üpjün edýärler. Bu bolsa okuwçylaryň geljekde ýurdumyzyň ýaragly güýçlerine ýokary taýýarlykly bolmaklaryna mümkinçilik berýär.

Heläkçilik töwekgelçilikleriň azaldylmagy we çaga hukuklarynyň goraglylygy

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mowzuklar bu ugur boýunça 14 250-den gowrak usuly gollanmalaryň kömegi bilen Türkmenistanyň başlangyç we orta bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrylan. Bu mowzuklar tebigaty öwreniş, ekologiýa, geografiýa we ýaşaýyş-durmuş esaslary derslerinde öwredilýär. Çagalaryň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerinden habarly etmek maksady bilen Bilim ministrligi tomusky dynç-alyş merkezleri üçin UNICEF-den usuly gollanmalary aldylar. Mekdepe çenli bilim edaralary üçin makstnamalar we gollanmalar işlenilip taýýarlandy.

Çaga hukuklaryna niýetlenen howp töwekgelçilikleriň azaldylmagyň Maksatnamasy hem-de 2023-2030-njy ýyllara çäreleriň Köpýyllyk Maksatnamasy işlenilip garamaga berildi. Bu resminamalar adatdan daşary ýagdaýlarda çaga hukuklarynyň goraglylygyny dünýä standartlaryna laýyklykda üpjün edilmegine gönükdirilen. Ýurt boýunça mugallymlar howanyň üýtgemegi we howp töwekgçelçilikleriň azaldylmagy bilen baglanyşykly mowzuklaryny netijeli okatmak üçin hünär taýýarlyklaryny ýokarlandyrdylar.


Çaga hukuklarynyň Komiteti (CRC) – çagalaryň adam hukuklaryny ulanyp, mertebe, hormat we deňlik şertlerinde ýaşamak mümkinçiliklerine jogap beriji BMG-niň bölümçesidir.

Komitet – Çaga hukuklary boýunça Konwensiýanyň ulanylyşyna gözegçilik edýän garaşsyz bilermenleriň düzümidir. Çaga hukuklary boýunça Konwensiýany tassyklan ähli gatnaşyjy ýurtlar Komitete çaga hukuklarynyň üpjün edilmegi barada netijeleri tabşyrmaga borçludyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026
Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

17:42 Iýun 26, 2026