Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda harby mekdebiň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň dabaraly açylyşy geçirildi.
2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Watan goragçylarynyň gününiň öňisyrasynda habry mekdebiň täze toplumynyň düýbi tutulypdy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň tabşyrygy boýunça S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky toplum Türkiýäniň "Rönesans" kompaniýasy tarapyndan guruldy. 700 okuwçy orunlyk täze bina häzirki zaman innowasiýa we tehnologiýa bilim şertlerini döretmek hem-de ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwçylarynyň bilim taýýarlyk derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen guruldy.
ORIENT news








