HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Owganystanyň umumy ykdysady ösüşe goşulyşmagyny goldaýar

Awgust 30, 2024 | 20:50 |13194
30-njy awgust, anna güni Aşgabatda türkmen we owgan wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Owgan tarapyna Dag-magdan senagaty we nebit işleriniň ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri ýolbaşçylyk etdi. Türkmen wekiliýeti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan we dürli ministrlikleriň ýolbaşçylaryndan ybarat boldy.30-njy awgust, anna güni Aşgabatda türkmen we owgan wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Owgan tarapyna Dag-magdan senagaty we nebit işleriniň ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri ýolbaşçylyk etdi. Türkmen wekiliýeti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan we dürli ministrlikleriň ýolbaşçylaryndan ybarat boldy.
Çeşme: mfa.gov.tm

30-njy awgust, anna güni Aşgabatda türkmen we owgan wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi. Owgan tarapyna Dag-magdan senagaty we nebit işleriniň ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri ýolbaşçylyk etdi. Türkmen wekiliýeti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan we dürli ministrlikleriň ýolbaşçylaryndan ybarat boldy.

Taraplar ykdysadyýetiň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen Owganystanyň ykdysady umumy birleşmesine goşulyşmagynda Türkmenistanyň işjeň orny barada tassyklanyldy.

30082024-turkmenistan-za-vovlechenie-afganistana-v-ekonomicheskie-processy (1).jpg

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar duşuşyklaryň netijeleri boýunça energetika we ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.

Hususan-da, TDH-niň berýän maglumatlaryna görä, aşakdaky resminamalara gol çekildi: Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasynyň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçiriji ugurlarynyň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama; “Türkmendemirýollary” agentligi bilen Owganystanyň Jemgyýetçilik işleri boýunça Ministrliginiň arasynda Turgundi demirýol stansiýasynda desgalary gurmakda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama we Turgundi-Hyrat demirýolunyň Turgundi-Sanabar 22 kilometrlik bölegi boýunça Iş meýilnamasy.

30082024-turkmenistan-za-vovlechenie-afganistana-v-ekonomicheskie-processy (3).jpg

Şeýle-de Owganystanyň çäginde Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy boýunça kabul edýän ýurduň Hökümeti bilen “TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026