HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar Geňeşiniň Başlygyny kabul etdi

Awgust 26, 2024 | 23:20 |12163
26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar Geňeşiniň Başlygy Saýed Al Taýýeri kabul etdi.26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar Geňeşiniň Başlygy Saýed Al Taýýeri kabul etdi.
Çeşme: Türkmen WEB TV

26-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar Geňeşiniň Başlygy Saýed Al Taýýeri kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika pudagy Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň nebit we gaz pudagynyň çalt depginde ösýändigini aýratyn belläp geçdi. Bu pudagyň strategiýasy ýurduň halk hojalygynyň zerurlyklarynyň üpjün edilmegine, şeýle-de ýerli çig malyň gaýtadan işlenilmeginiň esasynda onuň eksport mümkinçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan we BAE bu ugurda oňaýly hyzmatdaşlyk tejribesini toplandyklaryny belledi. Üstünlikli gatnaşyklarynyň hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi boýunça meýilleriň göz öňünde tutulmagy bilen, köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebitiň we gazyň gazyp alynyşyny we gaýtadan işlenilişini, şeýle-de ýurduň energiýa serişdeleriniň hem-de taýyn nebit-gaz önüminiň eksportuny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetiň bu pudagynyň öňünde duran wajyp wezipedir.

Prezident türkmen tarapynyň arap kompaniýasynyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek boýunça anyk tekliplerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi. Saýed Al Taýýer öz gezeginde, “Dargon Oil” kompaniýasyna bildirilen ynam üçin öz minnetdarlygyny aýdyp, hyzmatdaşlyk borçnamalaryny talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin kompaniýa ähli tagallar eder diýip ynandyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky göýberilişinde habar beridli.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026