HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Geçen hepde TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda 20 geleşik hasaba alyndy

Awgust 26, 2024 | 11:10 |8210
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda 20 geleşik hasaba alyndy.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda 20 geleşik hasaba alyndy.
Çeşme: exchange.gov.tm

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda 20 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystan we Özbegistan döwletiniň işewürler topary “Türkmennebit” Döwlet konserninden awiakerosini, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, şepbik nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Daşary ýurt walýutasyna şeýle hem Türkiýe, Owganystan, Gazagystan döwletiniň işewürleri portlandsement, nah ýüplükleri we arassalanan nah galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 3 million 828 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda türkmen işewürleri şepbik nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” DK), düz float aýnasyny we elde dokalan halylary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 25 million 630 müň manatdan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026