HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Golestanyň gubernatory: biz Türkmenistan bilen bilelikdäki erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi barada maslahatlaşýarys

Awgust 26, 2024 | 01:10 |9450
Şenbe güni Hökümet hepdeligi mynasybetli geçirilen Habar beriş serişdeleriniň maslahatynda Eýranyň demirgazyk welaýaty Golestanyň gubernatory Inçeburun erkin ykdysady zolagyndan söwda harytlarynyň eksportuna ygtyýarnamanyň berilendigi barada habar berip, şeýle belledi: “Biz Türkmenistan bilen bilelikdäki erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi barada geňeşmeleri geçirýäris”.Şenbe güni Hökümet hepdeligi mynasybetli geçirilen Habar beriş serişdeleriniň maslahatynda Eýranyň demirgazyk welaýaty Golestanyň gubernatory Inçeburun erkin ykdysady zolagyndan söwda harytlarynyň eksportuna ygtyýarnamanyň berilendigi barada habar berip, şeýle belledi: “Biz Türkmenistan bilen bilelikdäki erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi barada geňeşmeleri geçirýäris”.
Çeşme: iribnews.ir

Şenbe güni Hökümet hepdeligi mynasybetli geçirilen Habar beriş serişdeleriniň maslahatynda Eýranyň demirgazyk welaýaty Golestanyň gubernatory Inçeburun erkin ykdysady zolagyndan söwda harytlarynyň eksportuna ygtyýarnamanyň berilendigi barada habar berip, şeýle belledi: “Biz Türkmenistan bilen bilelikdäki erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi barada geňeşmeleri geçirýäris”.

IRIBnews maglumat agentliginiň habar bermegine görä, Ali Mohammad Zangane žurnalistlere Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Inçeburun erkin ykdysady zolagy Merkezi Aziýa açylýan derweze bolup, bu ýerde geljekde 47 müň işçi orunlarynyň döredilmegi we 1600 senagat desgalarynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar diýip belledi.

26082024-golestan-turkmenistan-po-sozdaniyu-sovmestnoj-sez (3).jpg

Inçeburunda bilelikdäki erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi demir ýol bilen ýük aýlanyşygyny 13,7 mln tonna çenli, awtomobil ulag bilen – 6,3 mln tonna çenli artdyrar, diýip Eýranly gubernator nygtap geçdi.

Golestanyň gurbernatory logikstikany dolandyrmak, gaýtadan işleýän senagaty, nebit we himiýa pudagy hem-de syýahatçylyk we söwda bilen baglanyşykly meseleleri Inçeburun erkin ykdysady zolagynyň işewrülik merkezi diýip belledi.

26082024-golestan-turkmenistan-po-sozdaniyu-sovmestnoj-sez (2).jpg

Ykdysady meseleleri ugrukdyrmak boýunça Golestanyň gubernatorynyň orunbasary 2023-nji ýylda Türkmenistana bolan eýran eksportunda welaýatyň paýy 28 % barabar bolup, bu paýy 50 % çenli ýokarlandyrmak maksat edilýändigi barada habar berdi. Şeýle-de Inçeburun serhetýaka nokadyndan geçirilýän üstaşyr ýükleriň möçberi 1 mln tonnadan geçip, bu görkezijini ýakyn wagtda 1,2 mln tonna ýetirmek maksat edilýändigi barada bellenildi. Mundan başga-da, Golestanema sebit täzelikler saýtynyň maglumatlaryna görä, Gazagystana bolan welaýatyň eksport paýy öň 5 % deň bolan bolsa, geçen ýylyň ahyrynda 48 % barabar boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026