Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň lukmanlary Günorta Koreýada hünär taýýarlygyny ýokarlandyrdylar


Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň lukmanlary Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde kliniki taýýarlyk maksatnamasyny geçdiler. “Koreýa görnüşli dikeldiş lukmançylyk boýunça” dört hepdelik trening sebitde iri lukmançylyk edaralarynyň biri bolan Kýonbuk Milli uniwersitetiniň Çhilgok hassahanasynyň esasynda geçirildi.
Gazagystanly, Gyrgyzystanly, Täjigistanly, Türkmenistanly we Özbegistanly lukmanlar üçin hünär taýýarlyk kurslary nazary bilimlerden hem-de 11 ugur boýunça, şol sanda newrologiýa, süňk-beden we pediatriýa dikeldiş ugurlaryndan kliniki okuw gözegçiligini öz içine aldylar.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň lukmançylyk mekdeplerinde koreýa görnüşli dikeldiş lukmançylyk okuw maksatnamasyny ulanmak maksady bilen ordinatorlaryň taýýarlanylmagy, maýyplar üçin ulgamyň döredilmegi we beýleki umumy ugurlar boýunça okuwlar geçirildi.

Bu trening Koreýa-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň hemaýaty bilen gurnaldy.
2023-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Merkezi-Aziýa – Günorta Koreýa 16-njy Maslahatynyň çäklerinde Koreýa lukmançylygynyň Milli ösüş instituty hem-de Pusan milli uniwersitetiniň Koreýa lukmançylyk mekdebi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Iş ylalaşygyna gol çekdiler. Bu resminama laýyklykda Türkmenistanyň klinikalarynyň birinde Koreýa lukmançylyk merkeziniň açylmagy göz öňünde tutulan.
Mundan başga-da Ylalaşyk koreýa görnüşli we dikeldiş lukmançylyk babatda häzirki zaman tehnoogiýalar we ylmy-amaly maglumatlar boýunça tejribe alyşmaklaryny, bilelikdäki okuw maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyny we durmuşa geçirilmegini, saglygy goraýyş we derman senagaty ugrundaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini öz içine alýar.
Şeýle-de Türkmenistanyň Onkologiýa ylmy-klinik merkeziniň, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömeginiň Merkezi bilen Kýonbuk Milli uniwersitetiniň Çhilgok hassahanasynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ylalaşyklara ýetildi.
ORIENT news








