HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystan we Türkmenistan bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Awgust 22, 2024 | 19:20 |10924
Çarşenbe güni (21-nji awgust) Türkmenistanyň we Owganystanyň resmi wekilleri Hyratda ýerleşýän iki ýurduň arasyndaky serhetýaka etraby Turgundide TOPH gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmek işleriniň badalga berilmegine taýýarlyk işlerini bahalandyrmak üçin duşuşdylar.Çarşenbe güni (21-nji awgust) Türkmenistanyň we Owganystanyň resmi wekilleri Hyratda ýerleşýän iki ýurduň arasyndaky serhetýaka etraby Turgundide TOPH gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmek işleriniň badalga berilmegine taýýarlyk işlerini bahalandyrmak üçin duşuşdylar.
Çeşme: bakhtarnews.af

Çarşenbe güni (21-nji awgust) Türkmenistanyň we Owganystanyň resmi wekilleri Hyratda ýerleşýän iki ýurduň arasyndaky serhetýaka etraby Turgundide TOPH gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmek işleriniň badalga berilmegine taýýarlyk işlerini bahalandyrmak üçin duşuşdylar. Şeýle-de taraplar täze demir ýol ugrunyň we elektrik geçiriji infrastrukturasynyň gurluşyklaryny ara alyp maslahatlaşdyrlar.

Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttakiniň ýolbaşçylygyndaky ýokary wezipeli wekiliýetine şahta we nebit, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ýaly esasy pudaklaýyn ministrler girdiler. Mutakki öz türkmen kärdeşi Raşid Meredowy TOPH turba geçirijisiniň dowam etdirmek üçin taýýarlyk işleriniň tamamalandygy we onuň amaly tarapyna başlamaga taýýardygy barada ynandyrdy.

Bakhtar news habar bermegine görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Owganystanda demir ýol ugrunyň we demir ýol stansiýasynyň gurluşynyň çaltlandyrylmagyna öz ýurdunyň ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle-de, elektrik energiýa geçirijisiniň möhüm taslamasy bolan Noorul Jihad podtansiýasynyň ýakyn geljekde tamamlanjakdygy barada hem bellenildi.

Geçen aý türkmen we owgan demir ýol ýolbaşçylary bilelikdäki taslamalar boýunça gepleşikleri geçirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026