Çagalar we ulular üçin çeper-bejergi


Döredijiligiň ýeri bolan “Studio Ceramic”-de guralýan sapaklar Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň bir eýýäm söýgüsini gazandy. Döredilen gününden bäri 5 ýylyň içinde bu studiýa giňedi we täze ugurlar açyldy hem-de “Nur art school” diýlip atlandyryldy.
Öz hünärine ussat mugallymlar üç ýaşdan başlap çagalara şeýle hem ululara sapak berýärler. Hususan-da, tebigy toýundan şekilleri ýasamagy öwredýärler; professional derejede surat çekmek; örmek; reňkli kagyzlardan şekilleri ýasamak; bezeg we binägärlik işini öwredýärler, şeýle hem küýzegäriň guralynda küýze ýasamak boýunça (küýzegär) sapaklary geçirýärler.
“Nur art school”-yň esasy aýratynlygy, myhmanlaryň ýörite taýýarlygynyň bolmagy zerur däl. Sapaklar, islendik adamyň bu işi gysga wagtda özleşdirip biljek derejesinde düzüldi. Sapaklar aýratynlykda we toparlaýyn görnüşde geçirilýär.
Ussatlyk sapaklaryna tutuş maşgala ýa-da kärdeşler gatnaşyp bilerler. Şeýle toparlaýyn işler diňe bir wagtyň gyzykly geçmegine mümkinçilik bermän, eýsem topary jebisleşdirmegiň gowy usulydyr. Mundan başga-da, dersler we ussatlyk sapaklary üçin sowgat şahadatnamalaryny alyp bilersiňiz, bu islendik baýramçylyk üçin ajaýyp sowgat bolar.
“Nur art school”-da gündelik durmuşda ulanyp boljak hakyky keramiki gap-gaçlary, her dürli bezeg önümlerini, suratlary döredip, binagärlik we bezeg taslamalaryny ösdürmegi öwrenip bilersiňiz.
Toýundan şekilleri ýasamak çagalarda süňkiň, eliň barmaklary we aýak bilen ownuk hereketlerini ösdürmek üçin uly ähmiýeti bar. Şonuň üçin köp lukmanlar “Nur art school” baryp görmegi maslahat berýärler.
“Nur art school” – bu döredijilik we estetiki lezzet, zehinleri ösdürmek, çeper we amaly endikler üçin giňişlikdir.
2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda “Nur art school”-yň ähli işgärleri ýygnanyp, gazanylan netijeler we gelejekdäki meýilnamalar üçin maslahat (Demo güni) geçiriler. Onuň maksatnamasy döredijilik mekdebiniň ähli ugurlaryndaky ussatlyk sapaklaryny öz içine alar.
“Nur art school”-yň myhamnalary şu salga baryp tanyşyp bilerler:
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni - işewürlik merkezi (Paýtagt söwda merkeziniň arka tarapy), 1-nji gat;
Görogly köçesi, “Bagtyýarlyk” sport toplumy (köne haýwanat bagy), Köpugurly suw toplumy binasynyň ýerzemini.
Telefon belgisi: +(993) 61 21 27 83
Instagram: @nur_art_school
ORIENT news








