HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Biohowpsuzlyk wajypdyr: Aşgabatda weterinariýa gullugynyň hünärmenleri üçin türgenleşik okuwlary geçirilýär

Awgust 21, 2024 | 23:35 |8240
21-23-nji awgust aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň barlaghana hünärmenleri üçin biohowpsuzylyk we biogoraglylyk boýunça kaskad okuw kurslary geçirilýär.21-23-nji awgust aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň barlaghana hünärmenleri üçin biohowpsuzylyk we biogoraglylyk boýunça kaskad okuw kurslary geçirilýär.
Çeşme: National Focal Point World Organisation for Animal Health

21-23-nji awgust aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň barlaghana hünärmenleri üçin biohowpsuzylyk we biogoraglylyk boýunça kaskad okuw kurslary geçirilýär. Çäre Türkmenistandaky Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň hemaýaty bilen gurnaldy.

Okuw kurslarynyň fasilitatory hökmünde milli bilermen, Döwlet weterinariýa gullugynyň Halkara we ylmy gatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Saparmyradow çykyş edýär.

Aşgabatda BMG-niň binasynda geçirilýän bu çärä ýurduň ähli welaýatlaryndan pudaklaýyn barlaghana hünärmenleri gatnaşýar.

Häzirki wagtda adamlaryň arasyndaky epidemiýalar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde bolsa-da, haýwanlaryň keselleri entegem möhüm mesele hasaplanylýar. Hil we hopwsuzlygyň halkara ýörelgelerine laýyklykda işi gowy ýola goýulan durnukly barlaghana gulluklary berk saglygy goraýyş ulgamynyň aýrylmaz bölegi bolup, ilatyň saglygyny gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

21082024-v-ashhabade-prohodit-trening-dlya-specialistov-vetsluzhby (1).jpg

Jemgyýetçilik saglygy goraýyş pudagynda wakalaryň öňüni almakda we olara gözegçilik etmekde uly ähmiýete eýe bolan keselleriň üstünlikli ýüze çykarylmagy, olaryň häsiýetlendirilmesi we geçmegiň yzarlanylyşy netijeli barlaghana ulgamlaryny talap edýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 2024-nji ýylda kabul eden “Barlaghana bilogiki howplaryny dolandyrmak boýunça çäreleriň güýçlenmegi” Kararnamasy agza ýurtlary işgärleriň okadylmagyna we yzygiderli taýýarlylmagyna, şol sanda barlaghana bilogiki howplarynyň azaldylmagyna we bu howplaryň dolandyrylmagyna çagyrýar.

Bu wezipelere goşmaça edip Aşgabatda geçirilýän okuw kursy weterinariýa gullugynyň “Bitewi saglyk” çemeleşmesini, şol sanda weterinariýa gullugynyň barlaghana bölüminiň işgär üpjünçiligini pugtalandyrmak işlerini durmuşa geçirmekde milli kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Döwlet weterinariýa gullugynyň habar bermegine görä, treningyň materiallary barlaghana şertlerinde biologiýa howpzuslygy boýunça BSG-niň Tejribe gollanmasyna we biohowpszulyk maksatlamalaryny dolandyrmak, howplary bahalandyrmak, biologiýa howpsuzlyk we ilkinji izolýasiýanyň beýleki serişdeleri, şahsy goraglylygyň serişdeleri, barlaghanalaryň taslamalary we tehniki üpjünçiligi, galyndylaryň dekontaminasiýasy we olary dolandyrmak boýunça onuň bilen baglanyşykly monografiýalara essalanýar.

21082024-v-ashhabade-prohodit-trening-dlya-specialistov-vetsluzhby (2).jpg

Bu trening ýerlerde fermeler üçin öz oba hojalyk haýwanlarynyň saglygy barada alada etmekde, şeýle-de adam bilen haýwanyň arasyndaky gatnaşyklarynda zoonoz keselleriniň öňüni almakda, ýüze çykarmakda we gözegçilik işlerini gowulandyrmak boýunça düzediş çärelerini kabul etmekde has uly mümkinçilikleri bermek bilen weterinarlaryň işiniň goldalynmagynyň görnüşidir.

Okuw kurslarynyň dowamynda interaktiw usulyýeti we görkeziji esbaplaryň, tejribe meseleleriniň, topar ýumuşlarynyň, wideosýužet we çekişmeleriň tehniki gurnalyşynyň peýdalanmagy bilen gurluşlaýyn çemeleşme ulanylýar.

Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Mili pudagara komiteti döredilip, oňa milli ugrukdyryjylar bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026