HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ýaşlary “Algoritm” okuw merkezinde IT hünärlerini öwrenýärler

Awgust 21, 2024 | 13:34 |9818
“Pähim-paýhas ummany-Magtumguly Pyragy” ýylynda beýik sepgitlere ýetýän Watanymyzda ylym-bilim günsaýyn gülläp ösýär.“Pähim-paýhas ummany-Magtumguly Pyragy” ýylynda beýik sepgitlere ýetýän Watanymyzda ylym-bilim günsaýyn gülläp ösýär.
Çeşme: Instagram / @algoritm_okuw_merkezi

“Pähim-paýhas ummany-Magtumguly Pyragy” ýylynda beýik sepgitlere ýetýän Watanymyzda ylym-bilim günsaýyn gülläp ösýär. Elbetde, bu ösüşleriň sakasynda Hormatly Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň diýseň uly tagallalary bar. Sebäbi biziň Watanymyzda ýaş nesil baradaky alada mydama döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ösüşlere Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň “Algoritm” okuw merkezi hem öz uly goşandyny goşýär. “Algoritm” okuw merkezinde ýaşlara diňe bir kämil bilim bermek bilen çäklenilmän, eýsem, dürli önümçilik ugurlary üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Your browser does not support HTML5 video.

Häzirki wagtda bolsa, hususy kärhanalaryň sargytlary esasynda ýörite proýektler düzülip, dürli maksatnamalar esasynda IT ulgamyny dolandyrmak, AutoCAD, grafika dizaýn, programmirleme, şahsy kompýuterleri sazlamak we abatlamak ýaly ugurlar hem-de kompýuter tehnologiýasynyň tehniki dilini iňlis dilinde öwretmek boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamak kurslary alnyp barylýar. Şeýle-de, proýekte gatnaşyjylar tejribelik işlerini Mary welaýatynyň bilim we saglyk ulgamynyň hem-de isleg bildirýän beýleki kärhanalaryň kompýuterlerini tölegsiz arassalap we abatlap bermek işlerini geçirmek bilen amala aşyrýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026