HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-da ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin “Awtoulag interneti” dörediler

Awgust 19, 2024 | 13:21 |8040
ABŞ-nyň Ulag ministrligi, ulaglar bilen ýol hereketi infrastrukturasynyň arasynda aragatnaşyk üpjün edýän V2X tehnologiýasyny (Vehicle-to-Everything ähli zada birikdirilen awtoulag) girizmek üçin meýilnamasyny hödürledi. Bu barada "Engadget" neşiri habar berýär.ABŞ-nyň Ulag ministrligi, ulaglar bilen ýol hereketi infrastrukturasynyň arasynda aragatnaşyk üpjün edýän V2X tehnologiýasyny (Vehicle-to-Everything ähli zada birikdirilen awtoulag) girizmek üçin meýilnamasyny hödürledi. Bu barada "Engadget" neşiri habar berýär.
Çeşme: 3dnews.ru

ABŞ-nyň Ulag ministrligi, ulaglar bilen ýol hereketi infrastrukturasynyň arasynda aragatnaşyk üpjün edýän V2X tehnologiýasyny (Vehicle-to-Everything ähli zada birikdirilen awtoulag) girizmek üçin meýilnamasyny hödürledi. Bu barada "Engadget" neşiri habar berýär.

Iki esasy bölegi, ýagny RSU (Roadside Unit) we OBU (On-Board Unit), ulanmak bilen V2X tehnologiýasy ýollarda ýüzlerçe müň hadysanyň öňüni alar, çaknyşyklaryň netijelerini ýeňilleşdirer, şol sanda çaknyşygyň tizligini azaltmak we ulaglara biri-biri bilen özara baglanşygy saklamaga mümkinçilik berer.

V2X ulaglara diňe biri-biri bilen däl, eýsem pyýadalar, welosiped sürýänler, beýleki ýol hereketine we ýol infrastrukturasy gatnaşyjylara, ýerleşýän ýeri, tizligi we ýol şertlerini ýaly maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýär. Bu esasan, ýoluň görünmesi kyn bolan şertlerinde, mysal üçin, öwrümlerde we ümürli howada möhümdir.

Meýilnama 2036-njy ýyla çenli V2X tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutýar. Şu wagta çenli tehnologiýa 75 sany uly şäherlerdäki ýol yşyklarynyň (swetoforlaryň) 85% -ini, tutuş milli awtomagistral ýollarynyň ulgamyny gurşap almaly şeýle hem 20 awtoulag modelinde elýeterli bolmaly.

Milli awtoulag howpsuzlygy boýunça geňeşiniň başlygy Jennifer Homendiň belleýşi ýaly, her ýylda 615 000 çenli ýol-ulag hadysalarynyň öňüni alyp biljek bu tehnologiýanyň adamyň janyny halas etmek mümkinçiligini durmuşa geçirmek üçin ilkinji möhüm ädimdir.

V2X-ni durmuşa geçirmek üçin uly bolmadyk taslamanyň eýýäm artykmaç taraplaryny görkezendigi bellärliklidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

18:00 Sentýabr 30, 2026