HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatynyň geçirilýän senesi üýtgedildi

Awgust 18, 2024 | 23:50 |33629
Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty TIF 2024 Aşgabatda 10-11-nji sentýabrynda geçiriler, bu barada şenbe güni Guramaçylyk komiteti habar berdi. Ozal bolsa Maslahatyň 19-20-nji senelerinde geçirilmegi meýilleşdirilýärdi.Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty TIF 2024 Aşgabatda 10-11-nji sentýabrynda geçiriler, bu barada şenbe güni Guramaçylyk komiteti habar berdi. Ozal bolsa Maslahatyň 19-20-nji senelerinde geçirilmegi meýilleşdirilýärdi.
Çeşme: tif-turkmenistan.com

Türkmenistanyň Maýa goýum maslahaty TIF 2024 Aşgabatda 10-11-nji sentýabrynda geçiriler, bu barada şenbe güni Guramaçylyk komiteti habar berdi. Ozal bolsa Maslahatyň 19-20-nji senelerinde geçirilmegi meýilleşdirilýärdi. Maslahatyň senesi ýurtda geçirilýän döwlet derejesindäki çäreleriň tertibiniň üýtgänligi sebäpli üýtgedildi.

TIF 2024 Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlary çekmekde, täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda möhüm waka bolar. Maslahata ýokary derejeli ýolbaşçylar, nebit we gaz, energetika, gurluşyk, ulag we kommunikasiýa pudaklarynyň öňdebaryjy milli we halkara kompaniýalarynyň bilermenleri we wekilleri gatnaşar. Şeýle-de iri dünýä maliýe institutlary, banklary, halkara guramalary we barlag merkezleri hem gatnaşarlar.

Çäre Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylygynda geçirilýär.

Gelen myhmanlar üçin Maslahatyň öň ýanynda medeni çäreli maksatnama taýýarlanyldy. 9-njy sentýabrda olar Aşgabada gezelenç edip, Türkmen halysynyň milli muzeýine hem-de “Köne Nusaý” taryhy-medeni goraghanasyna baryp görerler.

Maslahatyň maksatnamasy bilen TIF 2024 saýtynda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026