HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan demirýoly nähili geçýär: kartasy

Awgust 18, 2024 | 23:15 |13407
Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan täze ugrunyň demirýol geçelgesi Balh, Pänj, Mazari-Şerif, Kerkini birleşdirmeli.Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan täze ugrunyň demirýol geçelgesi Balh, Pänj, Mazari-Şerif, Kerkini birleşdirmeli.
Çeşme: orient.tm

Täjigistan-Owganystan-Türkmenistan täze ugrunyň demirýol geçelgesi Balh, Pänj, Mazari-Şerif, Kerkini birleşdirmeli.

Sputnik Täjigistan Ýewraziýa ösüş bankynyň maglumatlaryna salgylanyp, TOT demirýol geçelgesiniň ugrunyň shemasyny çap etdi. Täjigistanyň çäginden geçýän 50 km ýol, sebitiň ykdysady ýagdaýyny düýbünden üýtgedip bilýär, diýip bu çeşmede bellenilýär. Täze üstaşyr ýoly Lazurit geçelgesiniň bölegi bolmak bilen, Täjigistany Owganystanyň we Eýranyň bazarlary bilen birikdirip, Türkmenistanyň çäginden dünýä bazarlaryna täze ýoly açar.

18082024-tadzhikistan-afganistan-turkmenistan.jpg

Demirýol bölekleriniň uzynlygy 650 km barabardyr, şol sanda Türkmenistanyň çäginden – 150 km, Owganystanyňkydan – 450 km, Täjigistanyňkydan – 50 km. Täze demir ýolunyň ýol (koleýa) giňligi 1520 mm barabardyr.

TOT taslamasynyň durmuşa geçirilmegi baradaky Ähtnama 2023-nji ýylyň ýazynda Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri tarapyndan gol çekildi. Demir ýolunyň birinji tapgyry Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) 2016-njy ýylyň ahyrynda işläp başlady. Emma soňra Owganystandaky dartgynly ýagdaýlar sebäpli taslamanyň durmuşa geçirilmegi watlaýyn duruzuldy.

2024-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Täjigistanyň Ulag ministrligi we Koreýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi (KOICA) Owganystanyň çäkine çenli “Jaloliddin Balhi-Aşaky Pänj” demir ýolunyň taslamasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň işläp taýýarlanylyşy boýunça gepleşikleriň Teswirnamasyna gol çekdiler.

Mundan ozal Täjigistanyň Ulag ministri Azim Ibrohim Hytaý-Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe-Ýewropa multimodal geçelgesiniň synag demirýol otlusyny gurnamak üçin degişli edaralara tabşyryk berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026