HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Ýaş tebigatçy" Aşgabatda geçiriljek Kids Expo sergisinde ýaş myhmanlary eko-kwest gözleg oýunlaryna çagyrýar

Awgust 18, 2024 | 01:30 |9596
Indiki hepde Aşgabat şäherinde geçiriljek "Kids Expo: hemme zat çagalar üçin" atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga "Ýaş tebigatçy" jemgyýetçilik guramasy hem goşulyşdy.Indiki hepde Aşgabat şäherinde geçiriljek "Kids Expo: hemme zat çagalar üçin" atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga "Ýaş tebigatçy" jemgyýetçilik guramasy hem goşulyşdy.
Çeşme: Ýaş tebigatçy

Indiki hepde Aşgabat şäherinde geçiriljek "Kids Expo: hemme zat çagalar üçin" atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga "Ýaş tebigatçy" jemgyýetçilik guramasy hem goşulyşdy.

"Ýaş tebigatçynyñ" işjeñ agzalary ýaş ösüp gelýän nesilde daşky gurşawa bolan aýawly gatnaşygyny kemala getirmäge gönükdirilen gyzykly eko-kwest gözleg oýnuny taýýarladylar. Oýuna gatnaşyjylar hem wagtyny şadyýan geçirip, hem-de Türkmenistanyñ tebigaty we ony goramaga her bir adamynyñ goşup biljek goşantlary barada köp gyzykly maglumatlary öwrenip bilerler.

"Biz Türkmenistanda geçirilýän çaga harytlarynyñ we hyzmatlarynyñ ilkinji sergi-ýarmarkasynyñ hyzmatdaşy bolmagymyza örän şat. Biziñ gatnaşmagymyz "Kids Expo" sergisine ekologiýa häsiýetini berip hem-de onuñ köpdürlüliginde häzirki wagtyñ döwrebap ýaşyl trendini goşup, her bir gatnaşyjy üçin peýdaly bolar diýip umyt edýäris. Bu ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, biz howa meselelerini çözmekde ýaşlaryñ işjeñ hereketleriniñ ähmiýetine üns çekip, ülkäni öwrenişe hem-de ylma bolan çagalaryñ höwesini artdyrmak isleýäris" - diýip, jemgyýetçilik guramasynda bellediler.

"Kids Expo" çaga harytlarynyñ senagatyndaky täzelikler we netijeli işewürlik gatnaşyklar üçin köpugurly meýdançany döredip, her bir maşgalanyñ biziñ ýurdumyzda çaganyñ hemmetaraplaýyn ösmegi hem-de onuñ wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleriñ döredilendigini görmäge mümkinçilik berer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

Tramp ABŞ-nyň we Eýranyň araçylar arkaly habar alyşandyklaryny aýtdy

18:00 Sentýabr 30, 2026