2024-nji ýylda Demirgazyk-Günorta geçelgesiniñ gündogar ugry boýunça ýük aýlanyşygy 2 mln tonna çenli artdyrylar


Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan we Eýrandan geçýän "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniñ gündogar ugrunyñ mümkinçiligi her ýyl 15 mln tonna barabardyr. TASS habarlar gullugynyñ berýän habaryna görä, bu barada Astrahanda geçirilen Hazar forumynda Russiýa Federasiýasyndaky Eýran Yslam Respublikasynyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kazem Jalali žurnalistlere habar berdi.
"Demirgazyk-Günorta geçelgesiniñ bu gündogar ugrunyñ mümkinçiligi - her ýyl 15 mln tonna barabardyr. Geçelge Russiýa Federasiýasynyñ, Gazagystanyñ, Türkmenistanyñ, soñra bolsa Eýran Yslam Respublikasynyñ çäklerinden geçýär" - diýip, ilçi belledi.
Jalaliniñ belleýşine görä, 2023-nji ýylda ýurtlar bu ugur boýunça ýükleriñ daşalyşyna başlap, daşalyşyñ möçberi 650 müñ tonna barabar boldy. 2024-nji ýylda bu ugur boýunça ýük aýlanyşygyny 2 mln tonna çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
16-17-nji awgust aralygynda Astrahanda IX Hazar metbugat maslahaty geçirilýär, bu çäre Russiýadan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Türkmenistandan, şeýle-de Gagauziýadan we Özbegistandan žurnalistleri, hökümet edaralarynyñ we jemgyýetçilik guramalarynyñ wekillerini birleşdirdi.
ORIENT news








