HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda «Vertera Open» - saglyk we gözellik üçin suw otlaryndan önümler

Awgust 17, 2024 | 15:00 |52182
Şu gün "Aşgabat" söwda we dynç-alyş merkezinde türkmen paýtagtynda "Vertera" kompaniýasynyñ söwda wekilhanasynyń açylmagy mynasybetli "Vertera Open" dabaraly çäresi geçirildi.Şu gün "Aşgabat" söwda we dynç-alyş merkezinde türkmen paýtagtynda "Vertera" kompaniýasynyñ söwda wekilhanasynyń açylmagy mynasybetli "Vertera Open" dabaraly çäresi geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Şu gün "Aşgabat" söwda we dynç-alyş merkezinde türkmen paýtagtynda "Vertera" kompaniýasynyñ söwda wekilhanasynyń açylmagy mynasybetli "Vertera Open" dabaraly çäresi geçirildi. Bu kompaniýa ekologiýa taýdan arassa çig maldan - deñiz suw otlaryndan önümlerini hem-de kosmetika öndürmek bilen meşgullanýarlar.

Häzirki wagtda 52 ýurtda wekilhanasy bolan “Vertera” kompaniýasy Türkmenistanda göni satuwlara başlaýar. Açylyş dabarasynda kompaniýanyň işleri we önümleri beýan edilen tanyşdyryş wideo ýazgylary görkezildi.

1.jpg

Bu ýerde myhmanlarda uly gyzyklanma döreden "Vertera" önümleriniň sergisi hem guraldy. Çärede kompaniýany esaslandyryjy Anatoliý Hitrow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol çykyşynda biziň ýurdumyzda bolmagyň özünde galdyran täsirlerini paýlaşdy: "Türkmenistana, Aşgabada gelenime örän şat. Sebäbi meniñ arzuwym amala aşdy. Men bu ýurt barada köp okadym... Indi bolsa men we meniñ aýalym hem-de toparymyñ bir bölegi bu ýerde".

2.jpg

Kompaniýa öz işine 2005-nji ýylda başlady. Halkara göni satuw kompaniýasy bolan “Vertera”-nyň önümleri “WR International Holding” kompaniýasynyň bir bölegi bolan “Biomedical Innovative Technologies” tarapyndan öndürilýär.

Dürli ýaşdaky adamlar, şol sanda çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen "Vertera"-nyň önümleri adam bedeniniň saglygyna, onuň gowulaşmagyna we gözelligine uly peýdalary getirýär.

Çäräniň ahyrynda ýygnananlaryň hemmesine "Vertera" kompaniýasynyň önümlerinden sowgatlar gowşuryldy.

Kompaniýanyñ Türkmenistandaky wekilhanasynyñ salgysy: Täze Gurtly ýaşaýyş jaý toplumy, jaý 61.

Iş wagty: 09:30-18:00.

3.jpg

4.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026