Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy "UNEP"-iň başlygy bilen wideo duşuşygyny geçirdi


16-njy awgust, anna güni, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (UNEP) ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen wideo arkaly gepleşikleri geçirdi.
DIM-iň habarlarynda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatyndaky başlangyçlary barada, esasan hem ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşdiriljek BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak baradaky tekliplerini ara alyp maslahatlaşdylar.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisinde (COP-28) Türkmenistanyň goşulyşan Bütindünýä metan borçnamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada hem pikir alyşyldy. MARS sistemasynyň kömegi bilen ýüze çykarylan zyňyndylar baradaky täzelenen maglumatlarynyň yzygider berilmeginiň guralyny işläp düzmek maksady bilen Metan zyňyndylary azaltmak babatyndaky halkara obserwatoriýasy (IMEO) bilen bilelikdäki taslamalarynyň çäklerinde işleriň başlanandygy barada bellenildi.

Hazar meselesi barada hem gürrüň edildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň BA-nyň 78-nji mejlisinde döretmek baradaky teklip eden “Hazar ekologiýa başlangyjyny” işläp düzülmegi babatynda Türkmenistanyň we UNEP Maksatnamasynyň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi barada maslahatlaşdylar.
Noýabr aýynda halkara guramalar bilen bilelikde geçirilmegi Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk” babatynda Sebit maslahatyna çagyrylandygy üçin Inger Andersen türkmen tarapyna öz hoşallygyny bildirdi.
ORIENT news








