Hazarüsti geçelgesi boýunça Hytaýdan konteýnerleriň üstaşyr daşalyşynyň mukdary 14 esse artdyryldy


Rail-news.kz. saýtyň habar berişi ýaly, ýylyň başyndan Hazarüsti halkara ulag ugry boýunça Hytaýdan konteýner daşalyşlary geçen ýylyň şu wagtky görkezijilerine görä 14 esse artdyryldy.
“Казакстан темир жолы” Paýdarlar jemgyýetiniň habarlar gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän multimodal ulag geçelgesiniň ösüşi üçin bu ugruň gatnaşyjylary tarapyndan daşalyşyň möçberini artdyrmak, hyzmat ediş pudagy ösdürmek we ýük daşalyşynyň tizligini gowulandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Altynköl stansiýasyndan Apşerona (Baku) çenli eltip berme möhleti 9 güne çenli, Poti/Batumi (Gruziýa) – 12 güne çenli, Poti/Batumiden Konstansy (Rumyniýa) çenli – 20-22 güne çenli azaldyldy.
Geçen ýyl KTŽ Azerbaýjanyň we Gruziýanyň demir ýol dolandyryşlary bilen bilelikde Middle Corridor Multimodal Ltd. Bilelikdäki kärhanany döredendigini Kompaniýada ýatlatdyar. Gözükdiriji operator “bir äpişge” ýörelgesi boýunça hyzmatlary we eltip bermäniň möhlet we baha kepillendirmelerini hödür etmek bilen bu ugurda multimodal hyzmatlaryny ösdürmek boýuça işleri ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Şeýle-de iri logistik halkara kompaniýalaryny çekmek bilen KTŽ Hazarda port we portýaka infrastrukturasyny işjeň alyp barýar.








