HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Ankarada TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasyna baryp gördi

Awgust 13, 2024 | 23:35 |11484
Wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde 13-nji awgustda, sişenbe güni Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy.Wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde 13-nji awgustda, sişenbe güni Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Wise-premýer, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde 13-nji awgustda, sişenbe güni Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy.

DIM-iň habarlar gullugynyň habar berşine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar “Änew – türki dünýäsiniň medeni paýtagty” hem-de “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” atly maksatnamalarynyň bilelikdäki çäreleri boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

13082024-turkmenskaya-delegaciya-posetila-shtab-kvartiru-tyurksoj-v-ankare (1).jpg

TÜRKSOÝ, ÝUNESKO we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde Magtymgulynyň döredijiligini hem-de gadymy türkmen şäheri Änewiň medeni ähmiýetini dünýä ýaýmak duşuşygyň möhüm mowzugy boldy.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini maslahatlaşyp, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmak we öwrenmek babatynda Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-yň hyzmatdaşlygynyň netijeliligi barada hem bellenildi.

TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda türkmen wekiliýetiniň agzalary beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat eserleriniň we kitaplarynyň sergisi bilen tanyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026