HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky Teswirnamanyň tassyklanylmagy barada habar berildi

Awgust 12, 2024 | 19:55 |9006
Şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň Baş sekretariatynyň Hukuk gullugyna Türkmenistan tarapyndan Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hem-de oňa agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň Teswirnamasyny tassyklamak baradaky resminama berildi.Şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň Baş sekretariatynyň Hukuk gullugyna Türkmenistan tarapyndan Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hem-de oňa agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň Teswirnamasyny tassyklamak baradaky resminama berildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň Baş sekretariatynyň Hukuk gullugyna Türkmenistan tarapyndan Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hem-de oňa agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň Teswirnamasyny tassyklamak baradaky resminama berildi. Bu Teswirnama 2024-nji ýylyň 18-nji martynda Brýusselde gol çekildi.

Bu Teswirnama Ýewropa Bileleşigine täze ýurtlaryň goşulşmagyny göz öňünde tutýar: Bolgariýa, Çehiýa, Estoniýa, Horwatiýa, Kipr, Latwiýa, Litwa, Wengriýa, Malta, Polşa, Rumyniýa, Sloweniýa we Slowakiýa, hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde möhüm ädmidir. Teswirnamabyň tassyklanylmagy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda makullandy.

12082024-protokol-turkmenistan-eu (1).JPG

Diplomatik wekilhananyň habar berişi ýaly, resminamany gowşurmak dabarasynyň dowamynda Adatdan daşary we doly ygtyrly ilçi Pälwanow Ýewropa Bileleşiginiň wekili bilen Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de ylalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda geljekki ädimler barada ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026