HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Awgust 12, 2024 | 04:30 |9954
11-nji awgustda, Ýekşenbe güni, Pariž şäherinde Olimpiýa oýunlarynyň-2024 ýapylyş dabarasy geçirildi.11-nji awgustda, Ýekşenbe güni, Pariž şäherinde Olimpiýa oýunlarynyň-2024 ýapylyş dabarasy geçirildi.
Çeşme: Getty Images

11-nji awgustda, Ýekşenbe güni, Pariž şäherinde Olimpiýa oýunlarynyň-2024 ýapylyş dabarasy geçirildi. “Stad de Frans” stadionunda müňlerçe türgenler we onlarça tomaşaçylar bilen bilelikde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Tomas Bah we UEFA-nyň başlygy Janni Infantino hem gatnaşdylar.

12082024-ceremoniya-zakrytiya-letnih-olimpijskih-igr-v-parizhe (1).jpg

Dabaranyň ahyrynda Olimpiýa baýdagy Los-Anželesiň häkimi Karen Bassa gowşuryldy. Bu amerikan şäheri 2028-nji ýylda indiki tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul eder. Bäş yklymdan wekilçilik edýän türgenler, şeýle-de bosgunlar toparynyň agzalary we Halkara Olimpiýa komitetiniň başlygy Parižde Oýunlaryň Oduny öçürdiler.

12082024-ceremoniya-zakrytiya-letnih-olimpijskih-igr-v-parizhe (2).jpg

Ýapylyş dabarasyna amerikan aktýory Tom Kruz hem gatnaşyp, tanap arkaly stadionuň ýokarsyndan meýdança inip, Olimpiýa baýdagyny alamat hökmünde Los-Anželese alyp gitdi.

12082024-ceremoniya-zakrytiya-letnih-olimpijskih-igr-v-parizhe (6).jpg

Hut şu pursatdan Los-Anželesde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň ters hasaby başlandy. Onuň açylyş dabarasyny 2028-nji ýylyň 14-nji iýulynda geçirmek meýilleşdirildi.

12082024-ceremoniya-zakrytiya-letnih-olimpijskih-igr-v-parizhe (4).jpg

Tomaşaçylara Red Hot Chili Peppers saz topary, aýdymçy Billi Aýliş we rep aýdymçysy Snup Doggyň gatnaşmagynda wideo ýazgy görkezildi.

Olaryň gatnaşmagy 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek indiki Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary tarapyndan tassyklanyldy, sebäbi bu sazandalaryň ählisi Kaliforniýada doglandyr.

12082024-ceremoniya-zakrytiya-letnih-olimpijskih-igr-v-parizhe (3).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026