HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygyny kabul eder

Awgust 12, 2024 | 03:00 |11258
Seul şäherinde “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Maslahatynyň ýerine ýetiriji komitetiniň Sekretariatynyň 15-nji mejlisi geçirildi.Seul şäherinde “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Maslahatynyň ýerine ýetiriji komitetiniň Sekretariatynyň 15-nji mejlisi geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Seul şäherinde “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Maslahatynyň ýerine ýetiriji komitetiniň Sekretariatynyň 15-nji mejlisi geçirildi. Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri, şol sanda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyraýly ilçisi Begenç Durdyýew hem-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça Býurosynyň baş direktory Ýong Şin Kang 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Koreýanyň paýtagtynda geçiriljek Dialogyň daşary işler ministrlikleriniň başlyklarynyň 17-nji mejlisiniň taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar Seulda geçiriljek mejlisiň deslapky gün tertibine garap, 2025-nji ýyl üçin “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Maslahatynyň Sekretariatynyň iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen diplomatik wekilhanasynda habar berilşi ýaly, mejlisde şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Parlament başlyklarynyň ikinji duşuşygyny geçirmek baradaky meselelerine aýratyn üns berildi.

“Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlygynyň 16-njy Maslahaty 2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Parlament başlyklaynyň ilkinji duşuşygy şol ýylyň sentýabr aýynda Seulda geçirildi.

2024-nji ýylyň iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol Türkmenistana, Gazagystan we Özbegistan Respublikalaryna iş saparlaryny amala aşyrdy.

“Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Maslahatynyň ilkinji Sammitini 2025-nji ýylda Seulda geçirmek barada bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026