HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystan “Täze Kabuly” gurýar: daşary ýurtly maýadarlar taslama gyzyklanma bildirdiler

Awgust 12, 2024 | 00:45 |12582
Owganystanyň Şäher ösüşi we ýaşaýyş jaý gurluşyk Ministrligi häzirki wagtda Deh Sabzda “Täze Kabul” taslamasynyň birinji tapgyrynyň ikinji bölegi boýunça işleriň alnyp barylýandygy hem-de häzirki wagtda bu işleriň 25 % tamamlandygy barada habar berdi.Owganystanyň Şäher ösüşi we ýaşaýyş jaý gurluşyk Ministrligi häzirki wagtda Deh Sabzda “Täze Kabul” taslamasynyň birinji tapgyrynyň ikinji bölegi boýunça işleriň alnyp barylýandygy hem-de häzirki wagtda bu işleriň 25 % tamamlandygy barada habar berdi.
Çeşme: kabulnewcity.com

Owganystanyň Şäher ösüşi we ýaşaýyş jaý gurluşyk Ministrligi häzirki wagtda Deh Sabzda “Täze Kabul” taslamasynyň birinji tapgyrynyň ikinji bölegi boýunça işleriň alnyp barylýandygy hem-de häzirki wagtda bu işleriň 25 % tamamlandygy barada habar berdi.

Şäher ösüşi we ýaşaýyş jaý gurluşyk Ministrliginiň wekili Kamal Afgan TOLOnews habarlar saýtynyň habar bermegine görä, bu taslamanyň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň çak edilýän umumy bahasy 6,5 mlrd $ barabar.

Afganyň aýtmagyna görä, bu iri taslamanyň gurluşygyna Türkiýeniň, Kataryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň maýadarlary gyzyklanma bildirdiler.

Şäher ösüşi we ýaşaýyş jaý gurluşyk Ministrligi “Täze Kabul” taslamasyny ýurtda iň iri taslamalaryň biri diýip häsiýetlendirip, onuň durmuşa geçirilmegi Yslam Emiraty üçin ileri tutulýan ugurdygyny belledi.

Taslama laýyklykda, Kabulyň demirgazygynda 740 km2 meýadny tutýan “Täze Kabul” Owganystanyň häzirki paýtagtydan 1,5 esse uly bolar.

Kabul New City – 2006-njy ýylda Owganystanyň hökümeti tarapyndan teklip edilen, we 2009-njy ýylda ýurduň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan şäher ösüşiniň megataslamasydyr.

Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) kömegi bilen işlenilip düzülen bu Taslama häzirki paýtagt bolan Kabulyň kynçylykly meselelerine jogap hökmünde toplumlaýyn şäher ösüşi hökmünde bellenildi.

Снимок экрана (4256).jpg

Şäheri 30 ýylyň dowamynda iki esasy tapgyrda gurmak strategiki taýdan meýilleşdirilýär. Emma köpsanly kynçylyklar zerarly, şol sanda howpzsulygyň ýoklugy, taslamanyň durmuşa geçirilmegi iş tertipnamasyndan yza galýardy. 2023-nji ýylyň awgustynda Kabul New City taslamasynyň birinji tapgyrynyň B böleginiň gurluşygyna badalga berildi.

Kabul New City häzirki zaman iri şäheriň ähli amatlyklaryny öz içine alyp, üç million ýaşaýjylary öz içine ýerleşdirer diýip göz öňünde tutulýar. Bu bolsa öz gezeginde aşa köp ilatly owgan paýtagtynyň zerurlyklaryny kanaglandyrmaga çözgüt bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026