HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjanda saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri möwsimi başlady

Awgust 12, 2024 | 09:58 |8150
9-njy awgustda nobatdan daşary parlament saýlawlary bilen baglanyşykly şu gün Azerbaýjanda saýlawdan öňki wagyz işleri möwsümi başlandy. Bu barada “Report” habarlar agentligi habar berýär.9-njy awgustda nobatdan daşary parlament saýlawlary bilen baglanyşykly şu gün Azerbaýjanda saýlawdan öňki wagyz işleri möwsümi başlandy. Bu barada “Report” habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: report.az

9-njy awgustda nobatdan daşary parlament saýlawlary bilen baglanyşykly şu gün Azerbaýjanda saýlawdan öňki wagyz işleri möwsümi başlandy. Bu barada “Report” habarlar agentligi habar berýär.

Wagyz işleri möwsümi 23 gün ýagny - 31-nji awgust, 08:00-a çenli dowam eder. Ony wagyz işlerini geçirmek üçin respublikanyň çäginde 3,259 açyk meýdan we 1,854 ýapyk ýerler bölünip berildi.

Saýlawlaryň öň ýakyndaky möwsümde wagyz işlerini hasaba alnan dalaşgärler, olaryň ygtyýarly we ynanylan wekilleri, dalaşgärleri bellige alan syýasy partiýalar, syýasy partiýalaryň toparlary, ygtyýarly we ynalynan wekilleri tarapyndan amala aşyrylyp bilinýär.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Mazahir Panahowyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda deputatlyga 1030 dalaşgär hasaba alyndy. Deputatlar üçin hasaba alnan 305 dalaşgär Azerbaýjanyň 25 sany syýasy partiýasyna wekilçilik edýär. 25 syýasy partiýadan 459 adam dalaşgär görkezildi we olaryň 305-si hasaba alyndy.

28-nji iýunda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Milli Mejlisiň 6-njy çagyryşyny dargatmak we nobatdan daşary parlament saýlawlaryny geçirmek baradaky Karara gol çekdi.

Saýlawlar 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçiriler. Ýurtda soňky gezek parlament saýlawlary 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirlipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026