Türkmenistan we HZG pagta ýygnamakda çaga zähmetini ulanmagyň öňüni almak boýunça bilelikdäki işini dowam ederler


Türkmenistanyň hökümeti we Halkara zähmet guramasy (HZG) 2023-nji ýylda kabul edilen ýurtda pagta ýygnamak möwsüminde zähmet şertlerini derňemek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamasynyň Goşundylaryna gol çekdiler.
Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda kabul edilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamada beýan edilen taraplaryň borçlary 2024-nji ýylda hem öz güýjüni dowam ederler. Şeýlelikde, taraplar zähmet şertlerini gowulandyrmak hem-de pagta ýygnamakda çaga we mejbury zähmeti ulanmagyň öňüni almak çärelerini güýçlendirmek babatynda bilelikdäki işini dowam ederler.
Resminamanyň esasynda şu ýylyň awgust aýynyň ikinji ýarymyndan başlap Türkmenistanda Halkara zähmet guramasynyň umumy synlary öz işine başlar.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzyň goşulşan zähmet pudagy boýunça halkara resminamalarynyň netijeli ornaşdyrylmagy babatynda Türkmenistan hem-de Halkara zähmet guramasy işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandyklaryny bellemek zerurdyr.
Gerekli netijeleri gazanmak üçin taraplar hereketleriň Ýol kartalaryny işläp düzmegiň oňaýly tejribesi alnyp barylýar. Hususan-da, häzirki wagtda 2024-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümeti we Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk çäreleriniň Ýol kartasy durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän çärelerden başga-da, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan 18 ýaşa çenli bolan şahslaryň zähmetini ulanmaga gadagan edilýän howply we zyýanly (has howply we has zyýanly) şertli işleriň, kärleriň we wezipeleriň sanawyna üýtgetmeler girizildi. Hususan-da, bu sanawa “pagta ýygnaýjy” we “pagtaçy” ýaly wezipeler girizildi.
Agzalan Ýol kartasynyň esasynda 2024-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, pagta ýygnamak işlerine çaga zähmetiniň çekilmegi we mobilizasiýanyň gadagan edilmegi boýunça jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak meseleleri boýunça ýöriteleşdirilenlere, ýurduň ýaşaýjylaryna, durmuş hyzmatdaşlaryna, ýerli häkimiýetiň wekillerine gönükdirilen gepleşikleriň, seminarlaryň we treningleriň işjeň tapgyry başlandy.
BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň berýän habarynda bellenilşi ýaly, ähli çäreler diňe bir zähmet pudagy boýunça däl, adamyň esasy hukuklarynyň üpjün edilmegi, has ýokary netijeleri gazanmakda ýurdumyzyň geljekki işlerini ýerine ýetirmäge taýýarlygy we açyklygy babatynda Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna eýerýändiginiň aýdyň nusgasy we subutnamasydyr.
ORIENT news








