HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Awgust 09, 2024 | 19:05 |12564
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň VI Konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, ol ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň VI Konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, ol ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Çeşme: president.uz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň VI Konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, ol ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Serdar Berdimuhamedow bu duşuşygy geçirmek baradaky teklibi hem-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin Şawkat Mirziýoýewe öz hoşallyk sözlerini bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ykdyasy, söwda, ulag, medeni we beýleki möhüm ugurlary öz içine alýandygyny nygtady.

Özbegistanyň Respublikasynyň Prezidenti öz gezeginde, türkmen-özbek ykdysady hyzmatdaşlygynyň oba hojalyk, elektrik energiýa, nebit-gaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki giň ugurlar boýunça işjeň ösüşini kanagatlanma bilen belläp, iki döwletiň çäginde Söwda öýleriniň döredilmeginiň we ykdysady forumlarynyň geçirilmeginiň möhümdigini aýratyn nygtady.

09082024-prezidenty-turkmenistana-i-yzbekistana (3).jpg

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýkeki möhüm ugurlary barada aýdanda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň, Hytaýyň, Ýeropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bitewi ulag ulgamyny döretmekde Türkmenistanyň we Özbegistanyň tagallalaryny birleşdirmek üçin zerur mümkinçilikleriniň bardygy barada aýratyn belläp geçdi.

Bellenilşi ýaly, energetika pudagy boýunça hem netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ylalaşyklara laýyklykda, 2019-njy ýylyň dekabr aýyndan başlap Özbegistana türkmen elektrik energiýasynyň geçirilmegi amala aşyrylýar. Şeýle-de Türkmenistandan goňşy Özbegistana tebigy gaz hem geçirilýär.

09082024-prezidenty-turkmenistana-i-yzbekistana (2).jpg

Mundan başga-da iki tarap medeni we ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň üstünlikli ösüşi barada hem hoşallyk bilen bellediler. Muňa bolsa türkmen edebiýatynyň dünýä belli nusgawy şahyry we Gündogaryň ynsanperwer akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilmegi şaýatlyk edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026