HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Roskosmos” Halkara kosmos stansiýasyna syýahatçylary iberer

Awgust 12, 2024 | 09:32 |10641
“Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň golçur kärhanasy “Glawkosmos” paýdarlar jemgyýeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) dolandyrylýan täjirçilik uçuşlary üçin maksatnamasynyň başlandygyny habar berdi.“Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň golçur kärhanasy “Glawkosmos” paýdarlar jemgyýeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) dolandyrylýan täjirçilik uçuşlary üçin maksatnamasynyň başlandygyny habar berdi.
Çeşme: hse.ru

“Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň golçur kärhanasy “Glawkosmos” paýdarlar jemgyýeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) dolandyrylýan täjirçilik uçuşlary üçin maksatnamasynyň başlandygyny habar berdi.

Bu maksatnama boýunça ilkinji syýahatçylyk uçuşy indiki ýylyň üçünji we dördünji çärýeklerinde meýilleşdirilýär. Aýry-aýry adamlar uçuşyň öň ýanyndaky doly kosmonawt tälimini alansoň, HKS-da 10 gün geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik alarlar.

Uçuşa gatnaşyjylaryň taýýarlygy takmynan 10 aý dowam eder, ýarysy Moskwa oblastynda ýerleşýän Ýyldyzlar şäherçesindäki Kosmonawt okuw merkezinde ýokary derejede taýýarlyk geçerler.

Taýýarlygyň maksatnamasy ilkinji lukmançylyk anyklamasy we basyş astynda synagdan geçirmek şeýle hem ähli zerur hünärler boýunça okuw sapaklaryny öz içine alýar. Okuwlar iňlis ýa-da rus dillerinde alnyp barylar.

Uçuş Gazagystanyň Baýkonur kosmodromyndan “Soýuz MS” kosmos gämisinde amala aşyrylar. Kosmos gämisinde syýahatçylar üçin iki ýer we professional kosmonawt üçin bir ýer göz öňünde tutulan.

Halkara kosmos stansiýasyna uçuş takmynan 3 sagat dowam eder. Uçuşa gatnaşyjylar meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirip, surata we wideo düşürip, kosmosdan Ýeriň täsin görnüşlerinden lezzet alarlar. Yzyna gaýdyp gelensoň, Ýyldyzlar şäherçesinde bir hepdelik uçuşdan soňky reabilitasiýada bolarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026