HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda nebithimiýa, oba hojalyk hem-de ýeňil senagatyň önümleri ýokary islege eýe boldy

Awgust 09, 2024 | 12:55 |8692
Penşenbe güni, 8-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa, oba hojalyk hem-de ýeňil senagatyň önümleri satyldy.Penşenbe güni, 8-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa, oba hojalyk hem-de ýeňil senagatyň önümleri satyldy.
Çeşme: exchange.gov.tm

Penşenbe güni, 8-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa, oba hojalyk hem-de ýeňil senagatyň önümleri satyldy.

Täjigistan, Owganystan, Türkiýe we Gruziýa döwletiniň işewürleri “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernlerinden suwuklandyrylan gaz we “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Serbiýe döwletiniň işewürler topary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstrakty satyn aldylar.

Türkmen işewürleri “Türkmennebit” DK “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumy we “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginden türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 154 724 manada we 6 433 000 ABŞ dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026