Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ I taryhçylar Forumy geçirildi


L.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde "Merkezi Aziýanyñ taryhy: halklaryñ we medeniýetleriñ dialogy" atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ I taryhçylar Forumy geçirildi. Bu çäre Merkezi Aziýa döwletleriniñ Baştutanlarynyñ VI Konsultatiw duşuşygynyñ çäklerinde bolup geçdi.
Gazagystan Respublikasynyñ Ylym we ýokary bilim ministrliginiñ habarlar gullugynyñ belleýşi ýaly, bu Maslahat Merkezi Aziýa döwletleriniñ alymlarynyñ we bilermenleriniñ dialogynyñ berkidilmegi arkaly özboluşly giñişlikde, medeni we syýasy umumy baglanyşykda taryhy wakalaryna baha bermekde hem-de taryhy prosessleri öwrenmekde bilelikdäki çemeleşmeleri döretmek üçin şertleriñ giñeldilmegine gönükdirilendir.
Gutlag söz bilen Gazagystan Respublikasynyn Ylym we ýokary bilim ministrliginiñ ministri Saýasat Nurbet, Gazagystan Respublikasynyñ Ýokary Parlamentiniñ deputaty Darhan Kydyrali hem-de Gyrgyzystanyñ, Täjigistanyñ, Türkmenistanyñ we Özbegistanyñ wekiliýetiniñ ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Çäräniñ çäklerinde iki bölümçe hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ ýaş alymlarynyñ panel gepleşikleri, şeýle-de kitap we arhiw sergileri gurnaldy.
Maslahata Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ tanymal alymlary, taryhçylary, Gazagystanyñ ynsanperwer ugurlary boýunça ylmy institutlarynyñ bilermenleri gatnaşdy. Çäräniñ netijesi hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniñ I taryhçylar Forumynyñ Jemleýji beýanyna gol çekildi.
ORIENT news








