A.M.Gorçakow adyndaky Jemgyýetçilik diplomatiýasyny goldamagyň Gaznasy türkmen hünärmenlerini çagyrýar
Awgust 09, 2024 | 01:05 |8317


A.M.Gorçakow adyndaky Jemgyýetçilik diplomatiýasyny goldamagyň Gaznasy türkmen hünärmenlerini diplomatiýa, lukmançylyk, žurnalistika, inženerçilik, IT we beýleki dürli ugurlar boýunça tejribe okuw maksatnamalaryna gatnaşmaga çagyrýar. Bu teklibi 7-nji awgustda Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen geçirilen duşuşygynda Gaznanyň ýerine ýetiriji direktory Leonid Draçewskiý agzap geçdi.
Türkmen ilçihanasynyň resmi web-saýt sahypasynda habar berilşi ýaly, “taraplar özara hyzmatdaşlyk ugurlarynyň ýakynlygyny belläp, bu gatnaşyklaryň gelejekde hem ösdürilmeginiň zerurdygy bilen ylalaşdylar”.
ORIENT news








