Astanada Merkezi Aziýanyň umumy maglumat giňişliginiň döredilmegi barada maslahatlaşyldy


Astanada Merkezi Aziýa sebitiniň Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň meseleleri boýunça wekilçilikli edaralarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi.
8-nji awgustda geçirilen çäräniň dowamynda gatnaşyjylar media sowatlylygy ýokarlandyrmak hem-de galp maglumatlarynyň ýaýradylmagyna garşy göreşmegiň çärelerini maslahatlaşdylar.
Merkezi Aziýada umumy maglumat giňişliginiň döredilmegi gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Taraplar Merkezi Aziýa teleýaýlymyny hem-de sebit media meýdançasyny döretmegiň mümkinçilikleri barada ylalaşdylar. Bellenilşi ýaly, munuň ýaly ädimler maglumat howpsuzlygyny pugtalandyrmakda tagallalary birleşdirmäge hem-de medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berer.
Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumatlar ministrliginiň habarlar gullugynyň habar berişi ýaly, maglumatlar pudagy boýunça wekilçilikli edaralarynyň wekilleri ýurtlarynyň media ugry boýunça bilelikdäki geçiş proseslerine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdylar.
ORIENT news








