HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazar deňziniň orta geçelgesiniň ugrunda port infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylar

Awgust 08, 2024 | 22:25 |8808
Belgiýanyň Jan De Nul kompaniýasynyň topary Gruziýanyň Anakliýasynda täze çuň suwly portunyň gurluşygy hem-de Gazagystanyň Hazar deňziniň kenarýakasyndaky Kuryk portunyň giňeldilmegi barada şertnama ylalaşdylar.Belgiýanyň Jan De Nul kompaniýasynyň topary Gruziýanyň Anakliýasynda täze çuň suwly portunyň gurluşygy hem-de Gazagystanyň Hazar deňziniň kenarýakasyndaky Kuryk portunyň giňeldilmegi barada şertnama ylalaşdylar.
Çeşme: jandenul.com

Belgiýanyň Jan De Nul kompaniýasynyň topary Gruziýanyň Anakliýasynda täze çuň suwly portunyň gurluşygy hem-de Gazagystanyň Hazar deňziniň kenarýakasyndaky Kuryk portunyň giňeldilmegi barada şertnama ylalaşdylar.

7-nji awgusta saýtlarynda habar bermegine görä, Jan De Nul bu iki taslama Hazarüsti halkara ulag ugry hökmünde tanalýan Orta geçelgisiniň ösmegine ähmiýetli itergi berer diýip belläp geçdiler.

Hazar we Gara deňizlerinden geçýän bu deňiz söwda ýoly Sues kanalynyň üsti bilen geçilýän ugruna ygtybarly alternatiw ugur hökmünde hasaplanylýar. Emma häzirki wagtda bar bolan deňiz portlar bu ugur boýunça hereket edýän ýük daşalyşlary üçin dar hasaplanylýar.

Anakliýada ýük göterijiligini 600 000 konteýnere köpeldip bilýän täze çuň suwly portunyň gurulmagy hem-de Gazagystanyň Kuryk portunyň giňeldilmegi ýük daşalyş bilen bagly meseleleriniň oňyn çözülmegine mümkinçilik berer.

Jan De Nul Gazagystanda düýbi çuňlamak boýunça möhüm işlere we Gruziýada tolkunlardan goraýan gaçyny, ýol geçelgelerini we dolanyş nokatlaryny gurmak işine başlar. Kompaniýa bu işleri Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi bilen bagly meselelerini çözmek maksady bilen goňşy Türkmenistan we Azerbaýjandaky hyzmatdaşlary bilen işläp taýýarlamalary geçirilenden soň başlajakdygy barada habar berdi.

Jan De Nul Group düýbi çuňlamak we deňiz gurluşyk işleri boýunça öňdebaryjy ýerleri eýeläp, nebit, gaz we täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň offşor (daşary ýurt) senagaty üçin ýöriteleşdirilen hyzmatlary hödürleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026