HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Kurultaý umumy türki etniki festiwalyna gatnaşar

Awgust 08, 2024 | 20:45 |9255
Häzirki wagtda dowam edýän Türkmenistanyň medeniýet günleriniň çäginde Wengriýada bolýan türkmen wekiliýeti guramaçylaryň çakylygy boýunça awgust aýynyň 9-11 aralygynda Kurultaý – umumy türki festiwalyna gatnaşar.Häzirki wagtda dowam edýän Türkmenistanyň medeniýet günleriniň çäginde Wengriýada bolýan türkmen wekiliýeti guramaçylaryň çakylygy boýunça awgust aýynyň 9-11 aralygynda Kurultaý – umumy türki festiwalyna gatnaşar.
Çeşme: dailynewshungary

Häzirki wagtda dowam edýän Türkmenistanyň medeniýet günleriniň çäginde Wengriýada bolýan türkmen wekiliýeti guramaçylaryň çakylygy boýunça awgust aýynyň 9-11 aralygynda Kurultaý – umumy türki festiwalyna gatnaşar.

Çäre Wengriýanyň “Turan” assosiasiýasy hem-de Budapeştden 125 km uzaklykda ýerleşýän Bugaç obasyndaky adybir Gazna tarapyndan geçirilýär. Kurultaý möhüm medeni ýygnanyşma bolup, 27 sany milleti birleşdirip, hun-türki medeniýetini şöhlelendirýän 50-den gowrak maksatnamalary öz içine alýar.

08082024_Kurultaj-Magyar.jpg

Bu ýyl ýarmarkany sebitiň käbir ýurtlarynda häzirki wagtda hem duş gelinýän hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Merkezi Aziýa kerwensaraýlaryny ýatlladýan täsirli giriş derwezeleri bezär. Dört diňlere daýanýan haýatlaryň eteginde täsirli ekspozisiýalar ýerleşdirilendir: Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň etnografiýa sergisinden başga-da, bu ýerde Wengriýanyň geografiýa muzeýiniň kömegi bilen gurnalan meşhur wenger syýahatçysy Arminiý Wamberiniň işleriniň sergisi hem görkezilen.

Bugac-Hungary-travel-tourism4.jpg

Iň uly ak öýde – Atillanyň çadrynda, “Hunlaryň gelmegini” suratlandyrýan ägirt uly ýarymtegelek surat eseri ýerleşdirildi, arheologik we antropologik kolleksiýalar giňden açylyp görkezildi. Myhmanlar hun baştutanlarynyň gaýtadan dikeldilen ýüz keşplerini, ýaraglaryny, şaý-seplerini synlap bilýärler. Ylmy bilermenler tarapyndan ýöredilýän bu çadryň gurnalşy hunlaryň ýaşan döwrüne göz gezdirmäge mümkinçilik berýär.

Esasy pursatlaryň arasynda – düzüminde dünýä belli atda ýaý atyjylary bar bolan 5600 atly we pyýada gatnaşyjylarynyň dabaraly ýörişi we çarwadarlaryň güýjüni synlamagyň milli ýaryşlary bardyr. Hun baştutanlarynyň egin-eşikleriniň görkezilişi we harby enjamly pyýada goşunarynyň başa-baş söweşleri taryhy tomaşa görk goşýarlar.

Bugac-Hungary-travel-tourism5.jpg

Çäräniň merkezi meýdançasynda ýaý atmagyň taryhy mekedbi we eksperimental arheologiýanyň ussahanasy tarapyndan üýtgeşik görkeziliş dabarasy geçiriler. Bu ýerde olar şol döwrüň söweş tärlerini görkezip, atly goşunlarynyň hüjümini birnäçe gezek serpikdirmäge çalyşarlar. Şeýle-de myhmanlar hünärmentçiligiň gadymy usullaryny açyp görkezýän bürünç guýma önümlerini we ýarag ussalarynyň ussatlygyny syn edip bilerler. Mundan başga-da, gatnaşyjylar çarwa gylyçlaşma we el söweşi ýaly adaty sport ýaryşlaryna gatnaşarlar.

FB_Kurultaj-Magyar-Törzsi-Gyűlés2-768x512.jpg

Turan federasiýasy tarapyndan gurnalan ýaryşlar at çapyşyklary, at ýaryşlaryny we päsgelçilikli ýaýdan ok atmak, hem-de gymmatly sowgatlar bilen sylaglanmak dabarasyny öz içine alýar. Şeýle-de festiwalda guşakda göreşmek boýunça giň gerimli çempionat geçirilýär.

Ylmy sergilerden, artsitleriň leksiýalaryndan we çykyşlaryndan başga-da, iň dabaraly pursatlarynyň biri – ähli däpleri saklanylan toý dabarasy, hem-de sährada ýaşan ata-babalarymyzyň altyn söweş aty – ahalteke bedewleriniň görkezilişi geçiriler.

Folklor (halk) sazy we tans çykyşlary umumy dabaranyň üstüni ýetirer, türkmen artsistleri halk sazyny we halk tanslaryny ýerine ýetirerler. Festiwal (şüweleň) däp boýunça ata-babalary ýatlap hormatlamak hem-de mirasy taryplaýan ot ýakmak dabarasy bilen tamamlanar.

0151.jpg

Türki halklarynyň Uly Kurultaýy 2008-nji ýydan bäri geçirilip dur. Merkezi Aziýa Wenger halkynyň aňynda hemişe öz dogduk mekany hökmünde bolup, asyrlar boýy majarlar özleriniň gelip-çykyşyny hut şu sebit bilen baglaşdyryp gelýärdiler.

Kurultaý – käbir türki halklarynda halk wekilçiliginiň guraly, möhüm döwlet meselelerini öňyn çözmekde hormatlanylýan adamlaryň ählihalk gurultaýydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026