HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet Baştutanlary telefon arkaly söhbetdeş boldular

Awgust 05, 2024 | 20:30 |13235
Duşenbe güni, 5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.Duşenbe güni, 5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Çeşme: akorda.kz

Duşenbe güni, 5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini bellediler we gazak Lideriniň şu ýylyň güýzde Türkmenistana boljak saparyna taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

“Ulag we logistika, energiýa, medeni, ynsanperwer we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ähmiýeti nygtaldy” – diýip, Akorda metbugat gullygynyň berýän habarynda bellenilýär.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de şu hepde Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna we “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşmaga çagyrdy – diýip, TDH habar berdi.

Geçen aý Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurypdy.

Tokaýew Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewiň öňünde energiýa, ulag-üstaşyr, söwda ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin birnäçe wezipeleri goýdy we ýakyn wagtda ýokary derejeli gepleşikleriň mazmunyny hil taýdan täze derejä çykarmak meselelerine üns bermegi aýratyn tabşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026