HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Fitch” agentligi Türkmenistanyň reýtingini ýokarlandyrdy

Awgust 04, 2024 | 19:20 |14454
Halkara “Fitch Ratings” reýting agentligi  Türkmenistanyň uzakmöhletleýin defolt emitentini (IDR) daşary ýurt walýutasynda “B +” -den “BB-” derejesine çykardy. Çaklama: – “Durnukly”.Halkara “Fitch Ratings” reýting agentligi  Türkmenistanyň uzakmöhletleýin defolt emitentini (IDR) daşary ýurt walýutasynda “B +” -den “BB-” derejesine çykardy. Çaklama: – “Durnukly”.
Çeşme: fitchratings.com

Halkara “Fitch Ratings” reýting agentligi Türkmenistanyň uzakmöhletleýin defolt emitentini (IDR) daşary ýurt walýutasynda “B +” -den “BB-” derejesine çykardy. Çaklama: – “Durnukly”.

Reýtingiň ýokarlanmagyna aşakdaky esasy görkezijiler goşant goşdy: pugtalandyrylan döwlet balansy we uly daşarky ätiýaçlyklar. Agentligiň berýän maglumatlarynda Türkmenistandaky öňden berk bolan döwlet balansynda has hem öňegidişlik bolup, munuň dowam etjekdigine bolsa “Fitch”-iň ynamynyň uludygy aýdylýar.

“Fitch ýurduň özygtyýarly sap daşary ýurt serişdeleriniň (SNFA) 2024-nji ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň 55,9% -e, (2023-nji ýylda 54,7%, 2022-nji ýylda 45,1%) çenli ýokarlanjakdygyny çaklaýar” – diýip, anna güni, 2-nji awgustdaky agentligiň resmi saýtynda berlen habarda beýan edilýär.

“Türkmenistanyň daşary ýurt walýuta ätiýaçlyklary 55 aý töweregi daşarky töleglerde, “BB” ortaça 4,5 aýlyk ortaça deňeşdirilende, ýokarlanmagyny dowam etdirýär” – diýip, bilermenler belledi.

“Fitch”-iň bilermenleriň pikiriçe, daşarky likwidligiň hasam gowulaşjakdygyny, 2025-nji ýylda häzirki daşarky bergileriň 6,9 %-e ýetip, 2023-nji ýyldaky 8,5 %-den aşaklap, häzirki “BB” ortaça 12.2 %-den has pes boljakdygy çaklanýar.


“Fitch” 2021-nji ýylyň awgust aýynda “durnukly” hasaplamak bilen “B +” uzak möhletli daşary ýurt walýutasynyň emitentiň defolt derejesini kesgitledi. 2023-nji ýylyň fewral aýynda agentlik öz çaklamalaryny “durnukly”-dan “pozitiw” diýip üýtgetdi we “B +” derejesinde tassyklady. 2024-nji ýylyň awgusty we 2024-nji ýylyň fewralynda “Fitch” Türkmenistan üçin bu derejäni tassyklady. Karz derejesinde şkalanyň ýokarsynda “A”, “B”, “C” harplary bar. “Fitch”-iň “B” sanawy B-, B, B +, soň bolsa BB-, BB, BB + we ondan ýokary, A görkeziji başlanýança “BBB +”-a çenli ýokarlanýar.

Şu ýerde belläp geçsek, köpçülige niýetlenen bu jemgyýetçilik reýting, bir ýurda maýa goýmak mümkinçiligine garaşsyz baha bermek isleýänler bilen birlikde banklar we beýleki guramalar tarapyndan ulanylýar.

Ozal 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Fitch Ratings” halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygy giňeltjekdigi barada habar berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026