HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Owganystan demirýol ulgamynda bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

Iýul 31, 2024 | 22:00 |14520
“Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 27-31-nji iýul aralygynda Owganystana amala aşyran iş saparynyň barşynda goňşy döwletiň demirýol pudagyny ösdürmegiň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.“Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 27-31-nji iýul aralygynda Owganystana amala aşyran iş saparynyň barşynda goňşy döwletiň demirýol pudagyny ösdürmegiň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: "Türkmendemirýollary"

“Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 27-31-nji iýul aralygynda Owganystana amala aşyran iş saparynyň barşynda goňşy döwletiň demirýol pudagyny ösdürmegiň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Meýilleşdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýerli şertler bilen tanyşandan soň, “Türkmendemiryollary” agentliginiň başlygy bilen Hyrat welaýatynyň ýolbaşçy Nur Muhammet Islamjaryň arasynda gepleşikler geçirildi. Geçirilen duşuşykda ammarlar toplumynyň we Turgundy-Hyrat demir ýolunyň Turgundy-Sanabar böleginiň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň meýilnamalaryna garaldy.

Nur Muhammet Islamjaryň Owganystanyň ykdysady durnuklylygyny gazanmakda we Hyrat welaýatynda senagaty ösdürmekde bu taslamalaryň möhüm ähmiýetini belledi.

Şeýle hem, 28-nji iýulda Owganystanyň jemgyýetçilik işleri ministriniň demir ýol ulaglarynyň meseleleri boýunça orunbasary Owganystanyň demirýol müdirliginiň başlygy Baht-ur-Rahman Şarafat bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda demir ýol aragatnaşygy, türkmen demir ýolçylarynyň hasabyna gurulmagy meýilleşdirilýän Turgundy bekedinde ammar toplumynyň – logistikanyň dilinde aýdanyňda “guryýer portunyň” gurluşygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny ylalaşmak, şeýle hem Turgundy-Hyrat demir ýolunyň Turgundy-Sanabar (22 km) böleginiň birinji tapgyry boýunça bilelikdäki işleriň meseleleri we beýlekiler maslahatlaşyldy.

31072024-gerat-turkmenistan (2).jpg

29-njy iýulda bu meseleler boýunça duşuşyklar Owganystanyň Demir ýollar müdirliginiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Ykdysady meseleler boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda dowam etdi. Geçirilen duşuşykda bilelikdäki taslamalaryň möhletleri gysgaltmak we iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.

Owgan tarapy Turgundy bekedindäki ammarlar toplumyna ýer bölünip berilmegi ýerli dolandyryş edaralary we oba hojalyk işgärleri bilen we bu ýeriň topografiki kartalarynyň türkmen tarapyna berilmegi barada ylalaşylandygyny aýtdy. Bu taslamalar üçin maýa goýumyň yzyna gaýtarlyp berilmegi barada meýilnamanyň hem ylalaşyldygyny aýtdy.

31072024-gerat-turkmenistan (3).jpg

Owgan tarapy, Turgundy-Hyrat demir ýolunyň Turgundy-Sanabar böleginiň taslamasynyň gurluşygynda üçin türkmen tarapyndan teklip edilen bilelikdäki iş meýilnamasy bilen hem ylalaşdy. Awgust aýynda Aşgabatda Ähtnama we bilelikdäki meýilnama gol çekmek barada taraplar ylalaşyk gazandylar.

Iki ýurduň arasynda ýük daşalşynyň möçberini artdyrmak üçin iş topary döretmek barada ylalaşyk gazanyldy. Owgan tarapy nyrhlary gaýtadan seljerjekdigini mälim etdi we Lapis Lazuli (Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe) halkara üstaşyr ulag geçelgesi boýunça harytlaryny daşamaga ýardam bermäge çagyrdy.

Owganystanyň demirýol müdirliginiň başlygy, türkmen kärdeşlerine öz ýurdunda ulag pudagyny ösdürmekde we sebit we halkara söwda zynjyrlary ulgamyna goşulmagyna kömek edýän taslamalarda işlemekde, şeýle hem iki goňşy ýurtlarymyzyň arasynda ýokary derejeli ýük gatnawyny amala aşyrmakda bahasyna ýetip bolmajak berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026