HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça taslamalaryň üstünde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işleşýär

Iýul 30, 2024 | 01:25 |13620
Duşenbe güni, 29-nji iýuldaTürkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) we Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering Co. Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen nobatdaky duşuşyklary geçirildi.Duşenbe güni, 29-nji iýuldaTürkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) we Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering Co. Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen nobatdaky duşuşyklary geçirildi.
Çeşme: orient.tm

Duşenbe güni, 29-nji iýuldaTürkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) we Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering Co.Ltd kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen nobatdaky duşuşyklary geçirildi.

TDH-iň habaryna görä, ADNOC kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Abdulla Al Şamsiniň baştutanlygynda kompaniýanyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda «Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

ADNOC 2023-nji ýyldan bäri “Türkmengaz” Döwlet konserni bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki döwürde taraplar «Galkynyş» känini özleşdirmegiň taslamasynyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki we düzüm böleklerine jikme-jik seredýärler. Şeýle meýilnamalary durmuşa geçirmegiň «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglydyr.

Mundan başga-da ADNOC kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýarlygyň beýan edilmegi boldy. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň Türkmenistanyň iri möçberli halkara gaz taslamalaryny amala aşyrmaga goňşy döwletleriň ykdysady düzümleriniň gatnaşmagyny goldaýandygyny birnäçe gezek beýan edendigini bellemek zerurdyr.

«Türkmengaz» DK ýolbaşçylary «Hyundai Engineering Co. Ltd.» günorta koreýa kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Jung Song Ýonguň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen bolan duşuşygynda «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işleriň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

«Türkmengaz» DK bilen Çarçuwaly şertnama laýyklykda «Hyundai Engineering Co. Ltd.» kompaniýasy 2009-njy ýylda gurlan başga bir zawotdan soň, Mary welaýatyndaky Galkynyş gaz käninde ýene bir kükürtden arassalaýjy zawody gurar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026