HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistan we Türkmenistan söwda gatnaşyklaryny we bilelikdäki taslamalary işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar

Iýul 23, 2024 | 15:30 |15680
Pakistan bilen Türkmenistan söwda gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, üstaşyr söwda şertnamasynyň ýakyn wagtda tamamlanmagy we iki ýurduň işewür adamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýeňilleşdirmek üçin erkin wiza syýasaty boýunça bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.Pakistan bilen Türkmenistan söwda gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, üstaşyr söwda şertnamasynyň ýakyn wagtda tamamlanmagy we iki ýurduň işewür adamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýeňilleşdirmek üçin erkin wiza syýasaty boýunça bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.
Çeşme: dailypakistan.com.pk

Pakistan bilen Türkmenistan söwda gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, üstaşyr söwda şertnamasynyň ýakyn wagtda tamamlanmagy we iki ýurduň işewür adamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýeňilleşdirmek üçin erkin wiza syýasaty boýunça bilelikde işlemek barada ylalaşdylar.

Ylalaşyklar şu gün Yslamabatda wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Yshak Daryň ýolbaşçylygyk etmeginde, Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň üçünji tapgyrynda ylalaşyk gazanyldy.

Yshak Dar gepleşiklerden soň geçirilen bilelikdäki metbugat konferensiýasynda iki tarapyň hem ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňişleýin seljerýändigini we hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak ugrundaky tagallalary, şol sanda syýasy we ykdysady ugurlarda güýçlendirmek barada ylalaşandygyny belledi. “Söwda we maýa goýumlary, energiýa, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynyň ileri tutulýan ugurlarynda ýakyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny we usullaryny ara alyp maslahatlaşdyk” – diýip, Pakistanyň daşary işler ministri aýtdy.

1721738748.jpg

Yshak Dar türkmen kompaniýalaryny Pakistandaky maýa goýum mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy. “Türkmenistandaky kärhanalary we telekeçileri Gwadar we Karaçi deňiz portlaryny Ýakyn Gündogar, Afrika we beýleki ýurtlar bilen söwda baglanyşygy üçin ulanmaga çagyrýarys” diýip, Pakistanyň deňiz portlarynyň iki ýurduň işewür toparlaryna özara peýdaly mümkinçilikleri öwrenmegi teklip edýändigini Päkistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy belledi.

Ministrler parlament we medeni alyş-çalyşlary, bilim we raýatlar bilen gatnaşyklary ösdürmägi ylalaşdylar.

Taraplar TOPH gaz geçirijisi, elektrik geçiriji şahalar we optiki-süýüm aragatnaşyk ýaly taslamalary durmuşa geçirmekde berk ygrarlylygy mälim etdiler. Olar diňe bir dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrman, eýsem özara peýdaly hyzmatdaşlygyň nusgasyna öwrüler diýip, Raşid Meredow öz çykyşynda aýtdy.

58207 (2).jpg

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerinden has köp peýdalanmak üçin halkara ulag ýollaryny döretmek boýunça işjeň gepleşikleri geçirmek çözgüdini hem yglan etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026